Sepleriň elýeterliligi

Obama Siriýany maslahatlaşýar


President Barak Obama

President Barak Obama

Ak tam prezident Barak Obamanyň şenbe güni Siriýa babatda görülmegi mümkin çäre barada maslahatlaşmak üçin Milli howpsuzlyk geňeşçileri bilen duşuşýandygyny aýdýar.

Bu duşuşyk Siriýanyň hökümetiniň çarşenbe güni Damaskyň golaýynda zäherli gaz hüjümini amala aşyrandygy baradaky habarlar bilen bagly.

Ak tamyň resmisiniň beýanatynda Waşingtonyň görüp biljek çäreleriniň geriminiň giňdigi aýdylýar.

Ol resmi Obama aňtaw-maglumat gullugyna Siriýanyň hökümet güýçleriniň himiki ýaraglary ulanyp-ulanmandygyny görkezýän faktlary we subutnamalary toplamak barada görkezme berdi diýdi.

Obama anna güni CNN-de efire berlen interwýusynda eger diýilýänler subut bolsa, bu ýagdaý "Amerikanyň ünsüni talap eder" diýdi.

Siriýanyň oppozisiýa çeşmeleri bu hüjümde ölenleriň sanynyň 500 bilen 1300 adam arasyndadygyny aýdýarlar.
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun inspektorlara derňew geçirmegä rugsat bermeli diýýär. Seoul, 23-nji awgust, 2013.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun inspektorlara derňew geçirmegä rugsat bermeli diýýär. Seoul, 23-nji awgust, 2013.


Damaskdaky hökümet bu aýdylýanlary ret edýär. Siriýanyň döwlet telewideniýesi şenbe güni pitneçileri Damaskyň etegindäki Jobar diýen ýerde himiki ýaraglary ulanmakda aýyplady.

BMG-niň ýaragsyzlanmak boýunça başlygy Angela Kane şenbe güni irden Damaska bardy. Ol Siriýanyň häkimiýetlerine BMG-niň inspektorlaryna güman edilýän himiki ýarag hüjümi boýunça derňew geçirmek ygtyýarynyň berilmegi üçin basyş etmekçi.

Kane bu ýurda BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munuň çagyryşyndan soň sapar edýär. Ban Siriýanyň hökümetini we onuň garşydaşlaryny BMG-niň bu diýilýän hüžüm boýunça derňew geçirmek tagallalarynda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

"Inspektorlara ýol açylmaly"

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius BMG-niň ekspertleri, zerur barlaglary geçirip bilmekleri üçin, diýilýän ýere gaty çalt goýberilmeli diýdi.

"Biziň elimizde bar bolan maglumatlaryň ählisi Siriýada, Damaskyň golaýynda himiki gyrgynçylygyň bolandygyny we onuň arkasynda Başar al-Assadyň režiminiň durandygyny tassyklamaga syrygýar."

Britaniýa bu diýilýän himiki hüjüme Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada ygrarly güýçleriň jogapkärdigine ynanýandygyny aýtdy.

Goranmak sekretary Çak Heýgel Birleşen Ştatlaryň, Amerika Siriýada harby hereket etmek kararyna gelen ýagdaýynda, zerur boljak harby-deňiz güýçlerini we käbir beýleki zatlary taýýarlamaga başlandygyny aýdýar.

Heýgel prezident Obama Pentagondan Siriýa babatda harby çärelere taýýarlyk görmegi sorady, bu çäreleriň käbiri «biziň güýçlerimiziň ýerleşdirilmegini talap edýär» diýdi.

Heýgel ABŞ-nyň güýçleriniň hereketi barada aýtmakdan ýüz öwürdi.
XS
SM
MD
LG