Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Gerekli işgär


Jawad al-Sadyň çeken karikaturasy

Jawad al-Sadyň çeken karikaturasy

Gerekli işgär

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda döredijilik işine ýaňy başlan Oraz Akmämmedow “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalyna işe ýerleşmekçi bolýar. Gerekli dokumentleri toplap žurnalyň baş redaktory Beki Seýtäkowyň ýanyna barýar. Beki aga dokumentleri gözden geçirip:

-Artistlik ugrundan ýokary bilim alypsyň. Ýurdaky baş teatrynda, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrda artist bolup işläp ýörsüň. Näme, düzgün bozup, işden kowuldyňmy? Iki sany kel hekaýam metbugatda çap edildi diýip, bize işe girjek bolýaňmy? Bilip goý, men düzgün-tertibi berk talap edýändirin -diýipdir. Beki aganyň hemlesine susty basylan Oraz Akmämmet:

-Ýok-ýok, ýaşuly, edep-tertibim gül ýaly. Ýöne sesim ýuwaş çykýar. Režesýorlar “Sesiň ýuwaş çykýar. Sahnada aýdanyňy tomaşaçy eşidenok” diyip azar berýärler. Sesimiň ýuwaşdygy üçin işden çykjak bolýan -diýip, ýagdaýyny düşündiripdir. Beki aga hezil edip gülüpdir. Soňra-da:

-Sesiň ýuwaş çykýan bolsa tüýs maňa gerek işgär ekeniň. Bilip goý, sesiň gaty çykyp ugran güni redaksiýadan gümüňi çekerin -diýip, gülmegini dowam edipdir.

Saglyk nähili?

Başda edebiýata şahyr hökmünde gelen Begjan Nurmädow soňra žurnalistika bilen ymykly meşgullandy. Ol uzak ýyllar gazetleriň redaksiýasynda ýönekeý edebi işgär bolup işledi. Ony XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda açylan “Saglyk” žurnalynyň jogapkär sekretary wezipesine bellediler. Täze wezipä ökjesi ýeňlän Begjan iş güni tamamlanandan soňra-da redaksiýada galyp, giç agşama çenli işleýärdi. Begjanyň wezipä bellenenden bihabar goňşusy:

-Begjan, soňky günler didaryňa zar bolduk, saglyk nähili? -diýip, aladaly sowal berýär. Küý-köçesi žurnalyň aladasy bolan Begjan:

-“Saglyk” ýola düşdi. Birinji nomerini taýýarlap, çaphana tabşyrdyk. Ikinjisem öz wagtynda taýýar bolar -diýip, begenç bilen jogap beripdir. Bu jogaba äm-säm bolan goňşusy “Gül ýaly adamdy. Haýp, akyly üýtgäpdir” diýip, Begjany tanaýanlara onuň düşen “ýagdaýyny” ýetiripdir.

Seni öwýäris

Ker adamlar, adatça, müňkür bolýar. Dürtme ker bolmasa-da gulagy juda agyr ýazyjy Atajan Tagan-da şol kesele uçranlaryň biri. Arada bir üýşmeleňde 6-7 ýazyjy bolup, edebiýat hakynda gürrüň etdik. Atajan-da şol gürrüňdeşlige gatnaşýardy.

Ýazyjylaryň biri “Atajanyň geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda ýazan powestleri edebiýatda hadysa boldy” diýdi. Öz ady gulagyna ilen Atajan Taganyň kerlik “keseli” gozgady. “Galan gürrüňi gutaryp, meň gybatymy edýäňizmi?” diýip, müňkür sowal berdi. Ýazyjy Kömek Kuly:

-Atajan akga, seni öwýäs -diýip, Atajan eşider ýaly derejede gaty ses bilen jogap berdi. Kömegiň jogaby Atajany kanagatlandyrmady. Ol meniň üstüme hüjüme geçdi:
-Buga pälwanyň ogly, meýlis-märekede iň köp gürleýän Atamyrat Atabaý ikiňiz.

Dogryňy aýt, men hakda näme gürrüň edýäňiz? -diýdi. Jogap bermesem ýakamy goýberjek däldi. Oňa:

-Maňlaýy tüňňi, akyly ýuka, üstesine-de ker Atajan diýen agamyz bar -diýip öwýäris- diýdim. Jümläniň başky bölegini ýuwaş, “Atajan diýen agamyz bar -diýip öwýäris” diýen bölegini Atajan eşider ýaly derejede gaty ses bilen aýtdym. Atamyrat-da “Hawa, hut şeý diýip öwýäs” diýip gaty ses bilen aýtdy. Jogabymyz hoşuna gelen Atajanyň iki erini bir ýere gelmedi:

-Sag boluň inilerim, dünýä dursun, siz duruň! -diýip, minnetdarlyk bildirdi.

Toplan, taraşlan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG