Sepleriň elýeterliligi

Türkmen DIM-i "suw soralmady" diýýär


Amyderýa

Amyderýa

Türkmenistanyň DIM-i Täjigistanyň premýer-minitriniň Türkmenistana suw kömeginiň berlendigi barada aýdan sözlerine garşy çykyp, metbugat üçin beýanat ýaýratdy.

«Täjik metbugatynda 20-21-nji awgustda Duşanbede suw hyzmatdaşlygy boýunça geçirilen halkara konferensiýasynyň jemleri barada guralan metbugat ýygnagynda Täjigistanyň premýer-ministri Akyl Akylowyň şu ýyl Türkmenistanyň ekerançylyk ýerlerini suwarmak üçin, goldaw hökmünde, Nurek suw howdanyndan boş suw goýberildi diýendigi barada habarlar peýda boldy» diýip, türkmen DIM-iniň beýanatynyň başynda aýdylýar.

Türkmenistanyň DIM-i bu habar bilen ylaşamaýandygyny bildirip, şeýle diýýär:

«Türkmenisanyň Suw hojalygy ministrliginiň beren maglumatyna görä, türkmen tarapy, goldaw hökmünde, Nurek suw howdanyndan goşmaça suw goýberilmegini sorap, hiç hili haýyşnama ýollamady.

Belli bolşy ýaly, suwuň bu hili goýberilişi spesialistler tarapyndan «boş» diýlip atlandyrylýan hem bolsa, şol suw arkaly elektrik energiýasy, şol sanda Nurek suw elektrik stansiýasynyň togy işlenip çykarylýar.

Şeýle-de, täjik premýer-ministriniň beýanatynda hut Täjigistanyň eden «goldawy» netijesinde aşaky akym ýurtlarynyň ekerançylyk ýerleriniň saklanyp bilendigi aýdylýar. Bu tassyklama hakykata gabat gelmeýär.

Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň hasyly suw ýetmezçiligi boýunça öz wagtynda görlen çäreler esasynda, ýagny suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy esasynda saklanyldy.»

Türkmen DIM-i beýanatyny dowam edip, ýene şeýle ýazýar:

«Täjik metbugatynyň maglumatlaryna görä, ýokarda agzalan metbugat ýygnagynda jenap Akylow täjik tarapy suwuň maksimal möçberini toplap ýetişmek we şol bir wagtda türkmen tarapyna kömek edip bilmek üçin hasaplamalar geçirdi diýýär.

Emma hakykatda Nurek suw howdanyna suw toplamak işi adaty düzgüninde alnyp barylýar we hiç bir kadadan çykma bolmazdan, suw howdanyny 99,2 prosent suwdan doldurmaga mümkinçilik berýär, şol bir wagtda Türkmenistanyň Amyderýadan almaly suwy öz çägine ýetmeýär. Ondan ötri bu ýagdaýda ol ýa-da beýleki «kömegiň» berlendigi barada gürrüň bolup bilmez.»

Türkmen tarapy ýokarda aýdylan pikirlere diýseň düşünmezlik we alada bilen garaýandygyny hem olary düýpden nädogry we ýerliksiz hasaplaýandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG