Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama, Kameron Siriýa çäresini maslahatlaşýar


Britaniýanyň premýer-ministri D.Kameron prezident Obama bilen telefonda gürleşýär.
Britaniýanyň premýer-ministri D.Kameron prezident Obama bilen telefonda gürleşýär.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron özleriniň «çuň alada galandyklaryny» we Siriýanyň hökümetiniň himiki ýaraglary ulanyp, asuda ilatdan ýüzlerçe adamy öldürendigi barada aýdylýanlar babatda mümkin bolan çäräni görmegiň pikirini edýändiklerini aýdýarlar.

Obama şenbe güni özüniň ýokary derejeli maslahatçylary bilen duşuşdy we Kameron bilen telefonda gürleşdi.

Britaniýanyň beýanatynda Obama bilen Kameronyň geçen çarşenbede, 21-nji awgustda edilen himiki ýarag hüjüminiň Siriýanyň hökümet güýçlerine degişlidigini aňladýan alamatlaryň köpelmegi netijesinde «çuň alada galandygy» aýdylýar.

Birleşen Ştatlar özüniň bu hadysa babatdaky barlag-agtaryşynyň dowam edýändigini aýtdy.

Damask pitneçileri günäleýär

Siriýanyň hökümeti özi tarapyndan Damaskyň gündogar künjegine zäherli gaz hüjüminiň amala aşyrylandygyny ret etdi. Hökümet bu meselede pitneçi güýçleri günäledi we gozgalaňçylaryň iki ýarym ýyllyk urşa Günbataryň harby gatyşmasyny gazanmak üçin prowakasiýa gurnandygyny öňe sürdi.

Başga bir tarapdan, Birleşen Ştatlaryň Döwlet dempartamentiniň resmisi döwlet sekretary Jon Kerriniň penşenbe güni Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem bilen telefonda gürleşendigini aýtdy.

Ol resmi Kerriniň daşary işler ministrine, eger özi bu hüjüme jogapkär bolmasa, Siriýanyň hökümeti BMG-niň inspektorlaryna hüjümiň bolan ýerine derhal we päsgelçiliksiz barmaga mümkinçilik bermeli diýendigini aýtdy.

Şeýle-de ol resmi Kerriniň bu ýagdaý barada Saud Arabystanyndaky, Iordaniýadaky we Türkiýedäki kärdeşleri bilen hem telefon maslahatyny edendigini aýtdy.
Diýilýän himiki hüjümden soň asmana göterilen duman. 21-nji awgust, 2013.
Diýilýän himiki hüjümden soň asmana göterilen duman. 21-nji awgust, 2013.

Sahawatçylyk esaslarynda işleýän «Serhetsiz doktorlar» guramasynyň aýtmagyna görä, Damaskyň golaýyndaky hassahanlar bu hüjüm zerarly 355 adamyň ölendigini, 3600 çemesi hassanyň bolsa "neýrotoksik" simptomlardan ejir çekýändigini habar beripdir.

Mego Terzian «Roýter» telewideniýesine özüniň ol pidalara garşy neýrotokisik serişdeleriň ulanylanadygyna berk ynanýandygyny, emma bu işde kimiň jogapkärdigini aýdyp bilmejegini aýtdy. Şeýle-de ol haýsy himiki serişdäniň ulanylandygynyň anyk däldigini belledi.

Siriýa tarapdar oppozisiýa çeşmeleri bu hüjümde ölenleriň sanynyň 500 bilen 1000 aralygynda bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Harby çärä taýýarlyk

Soňky maglumatlara görä, Birleşen Ştatlaryň harbylary, mümkin bolan harby herkete taýýarlygyň çäginde, harby gämilerini we beýleki aktiwlerini gaýtadan ýerleşdirdi.
"F-16" söweş uçary
"F-16" söweş uçary

Goranmak sekretary Çak Heýgel ýekşenbe güni, Malaýziýa saparynda çykyp gürläp, indi, Obama şeýle hereket zerur diýip karar etse, Birleşen Ştatlaryň Siriýa babatda harby çäre görmäge taýýardygyny aýtdy.

"Prezident Obama Goranmak departamentine ähli ýagdaýa degişli çärelere taýýar bolmagy tabşyrdy. Biz şol diýleni etdik. Ýene-de, eger ol şol çäreleriň birini ulanmaly diýip karar etse, biz olardan islendik çäräni görmäge taýýar."

Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň goňşusy Iordaniýada eýýäm ýüzlerçe esgeri, «F-16» söweş uçarlary, raketadan goraýan batareýalary ýerleşdirilen.

Siriýa, Eýran duýduryş berýär

Siriýanyň hökümeti Waşingtona harby çäre görmezlik barada duýduryş berdi.

Informasiýa ministri Omran al-Zoubi Birleşen Ştatlaryň güýçleri tarapyndan edilen islendik hüjüm Ýakyn Gündogarda has kän zorluga getirip biler diýdi.

Siriýanyň ýarany Eýran hem Amerikanyň Siriýa babatdaky harby gatyşmasyna garşy duýduryş berdi. Bu ýurduň daşary işler ministri Abbas Arakji beýle hereketiň diňe ýagdaýy erbetleşdirjegini aýtdy.

Prezident Hasan Rohani Eýran himiki ýaraglaryň Siriýada adamlary öldürendigine ynanýar diýdi, ýöne beýle ýaraglary kimiň ulanandygy baradaky pikirini welin aýtmady.

Eýranyň Daşary işler ministrligi Siriýanyň hökümetiniň pitneçi güýçler jogapkär diýen sözüni goldaýar.
XS
SM
MD
LG