Sepleriň elýeterliligi

Hakyky köppartiýalylyga ýol açylýarmy?


Aşgabtdan bir görnüş

Aşgabtdan bir görnüş

Türmen häkimiýetleri ýurtda dürli syýasy partiýalaryň döredilmegi, raýatlaryň öz syýasy hukuklaryna eýe bolmagy üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdýarlar.

Ýurduň dolandyryjy Demokratik partiýasynyň golaýda bolan gurultaýynda G.Berdimuhamedow bu partiýa agza bolmagyny prezident bolup işleýän wagtynda togtadýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Dempartiýanyň liderliginden çekilmek kararyna gelendigini habar berdi.

Prezident bu kararyny ýurtdaky ähli syýasy toparlara deň mümkinçilik döretmek niýeti bilen düşündirdi hem-de hökümetde uly wezipe eýeleýän ýolbaşçylaryň ol ýa-da beýleki partiýada durmak meselesinde oýlanmalydygyny ýaňzytdy.

Käbir synçylar bu täzeligi ýurtda uzak wagt saklanan birpartiýalylyk sistemasyndan köppartiýalylyk sistemasyna geçmegiň oňyn bir alamaty hökmüňde häsiýetlendirdi.

Olaryň pikirine görä, syýasy partiýalar hakyndaky kanunyň kabul edilmegi, prezidentiň köppartiýalylygy goldamagy we özüniň hiç bir partiýanyň hatarynda durmazlygy raýatlaryň syýasy hukuklaryndan peýdalanmagyna giň ýol açýar.

Emma bu pikir bilen ylalaşmaýanlar hem bar. Olar ýurtda gorky faktory saklanyp galýar, ykdysady azatlyk çäkli we adamlar entek syýasatdan daş durar diýýärler.

Eýsem Türkmenistanda syýasy partiýalaryň döremegine, ilatyň syýasy taýdan aktiwleşmegine, türkmen syýasatyna ýaş adamlaryň, aýal-gyzlaryň has köp goşulmagyna näme päsgel berýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.

Pikirleriňizi aýtsaňyz, söhbete göni ýa gytaklaýyn goşulsaňyz, örän hoşal bolardyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG