Sepleriň elýeterliligi

Dermanlyk tarakanlar gaçdy


Hytaý mediasy halk medisinasynda ulanmak üçin ýetişdirilýän tarakanlaryň azyndan bir millionynyň saklanýan fermasyndan gaçandygyny habar berýär.

Günortadaky Jiangsu welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän tarakanlar näbelli bir adamyň olaryň saklanýan plastik teplisasyny ýykmagy netijesinde gaçypdyr.

Bu ýere ýokanç keselleriň ýaýramazlygyna gözegçilik edýän işgärleriň iberilendigi habar berilýär.

Metbugat gaçgak tarakanlaryň garşsyna ozal görülmedik dezinfeksiýa çäreleriniň görülýändigini ýazýar.

Tarakan fermasynyň eýesi, tebiplere satmak niýeti bilen, bu tarkanlara 16 müň dollardan gowrak serişde harçlapdyr.
XS
SM
MD
LG