Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Meniň bir arzuwym bar"


Onlarça müň amerikan Waşingtonda, Birleşen Ştatlaryň paýtagtynda Martin Lýuter Kiňiň raýat hukuklaryny talap edip, «Meniň bir arzuwym bar» diýen at bilen sözlän sözüniň 50 ýyllygyny bellemäge ýygnandy.

Şenbe güni bolan ýygnanyşyk Linkoln memorialynda bolup geçdi. Kiň geçen asyryň iň bir täsirli sözüni hut şu ýerde sözläpdi.

Ýygnananlar bu söz sözleneli bäri garaýagyz amerikanlaryň köpüsiniň durmuş-ýaşaýşynyň gowulanandygyny bellediler, ýöne işsizligi, ýarag zorlugyny azaltmak, saýlaw hukuklaryny berkitmek ýaly meselelerde edilmeli işleriň entek kändigini aýtdylar.

Erik Holder, Birleşen Ştatlaryň garaýagyzlardan bellenen ilkinji baş prokurory, Kiň we beýlekiler deňlik ugrunda göreşmedik bolsa, prezident Barak Obama häzirki işinde bolmazdy diýdi.
XS
SM
MD
LG