Sepleriň elýeterliligi

Korrupsiýa sudy dowam edýär


Ýekşenbede hytaýly syýasatçy Bo Ksilaýyň korrupsiýa sudy dördünji gününe girdi.

Ol özüniň öňki ýakyn ýaranynyň beren görekezmesini ýazgaryp çykyş etdi, ýagny bu görkezmäniň ýalançylykdan we galplykdan doludygyny aýtdy.

Bo ozalky polisiýa başlygy Waň Lijunyň özüni geçen ýyl öldürilen iňlis biznesmeni bilen baglanyşdyrjak bolup, ýalan sözleýändigini aýtdy.

Bu jenaýat üçin onuň aýaly günäli tapylypdy. Ýöne ol hem şu hepde adamsyna garşy beren görkezmesinde Bo Çoňkwiň şäherine ýolbaşçylyk edýän wagty är-aýala hödürlenen para-peşgeşlerden, emläklerden habarlydy diýdi.

Bir zaman Hytaýyň Kommunist partiýasynyň ýokary ýolbaşçylygyna ösüp ýeter öýdülen Bo parahorlukda, döwlet emlägini ogurlamakda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

Hytaý halky bu suduň gidişine internet arkaly ýakyndan syn edýär.
XS
SM
MD
LG