Sepleriň elýeterliligi

Karzaý saparyna ynamsyz


Prezident Hamid Karzaý özüniň Pakistana etjek saparynyň Owganystandaky parahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürjegine o diýen ynanmaýandygyny aýtdy.

Şenbe güni Kabulda guralan metbugat ýygnagynda çykyp geplän Karzaý «Men Pakistana ýene umyt bilen gidýärin, emma onuň nähili netije berjegine göz ýetirip bilemok» diýdi.

Karzaýyň yslamabatly resmiler bilen gepleşmek üçin Pakistana duşenbe güni sapar etmegine garaşylýar.

Prezidentiň Yslamabady, parahatçylyk gepleşiklerine başlamaga kömek etmek üçin, uly derejeli talyban tussaglaryny boşatmaga çagyrmagyna garaşylýar.

Owganystanyň 12 ýyllyk konfliktini soňlamakda Pakistanyň berjek kömeginiň uly zerurlykdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG