Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubarek, yslamçy liderler sud edilýär


Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubarek we «Musulman doganlygynyň» üç lideri ýekşenbe güni aýry-aýrylykda sud edilýär.

«Musulman doganlygynyň» «umumy ýolbaşçysy» Mohamed Badi we onuň iki orunbasary, Kaýrat al-Şatar we Raşad Baýoumy iýulyň başynda zorluga meçew bermekde aýyplanýar.

Bu ýagdaýyň prezident Mohammad Morsi işden çetleşdirilmezinden biraz öň bolan gozgalaň mahalynda, yslamçylara garşy protestçileriň garşysyna ulanylan zorluk esasynda, gan dökülmegine getirendigi aýdylýar.

Harbylaryň goldawyndaky hökümet «Musulman doganlygyny» Morsiniň yzyna dikeldilmegi üçin geçirilýän protestler bilen baglylykda zorlukda we terrorizmde aýyplaýar.

Kairiň başga bir ýerinde bolsa, Mubaregiň gaýtadan sud seljerişliginiň bellenendigi habar berilýär. Ondan 2011-nji ýyldaky gozgalaňda ölen protestçiler üçin jogap soralýar.

Bu diňlenişik 85 ýaşyndaky Mubarek tussagdan boşadylyp, harby hassahana ýerleşdirileninden 3 güň soň geçirilýär.
XS
SM
MD
LG