Sepleriň elýeterliligi

Prezident tigirçileri üpjün etmeli diýýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni sentbarda geçiriljek tigir sürüşlige görülýän taýýarlyk, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek barada ýörite iş maslahatyny geçirdi.

Prezident degişli ýolbaşçylara ählihalk tigir sürüşligine gatnaşýanlary ähli zerur bolan zatlar, şol sanda häzirki zaman sport eşikleri we inwentarlary bilen üpjün etmegi hem tabşyrdy.

Hususan-da ol Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa ýüzlenip, bu çäräni guramaçylykly we köp adamyň gatnaşmagynda geçirmek işine ýerlerdäki deputatlary hem çekmelidigini aýtdy.

Şeýle-de prezident wise-premýer B.Nurmyradowa tigir sürüşligiň bir aýlygy, ýol howpsuzlyk çäreleri barada metbugatda giňişleýin maglumat berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga, türkmen mediasy prezident Berdimuhadowyň ýurduň welosportçylary bilen duşuşyp, soňra tigirli gezelenç edendigini hem habar berýär.
XS
SM
MD
LG