Sepleriň elýeterliligi

Flor: “Suw köplenç hyzmatdaşlyga getirýär"


Patrisia Flor, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça wekili

Patrisia Flor, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça wekili

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Täjik gullugy, golaýda Täjigistanyň paýtagty Duşanbede geçirilen halkara Suw hyzmatdaşlygy konferensiýasynyň netijeleri bilen gyzyklanyp, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça wekili Patrisia Flor bilen sebitiň suw meselesi we onuň mümkin bolan çözgütleri barada söhbedeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Suw konferensiýasy barada aýdylanda, siz bu çäre barada näme pikir edýärsiňiz? Ýagny bu maslahat hakykatdanam bar bolan problemalary çözmäge kömek edermi?

Patrisia Flor: Bu konferensiýa BMG-niň Halkara Suw hyzmatdaşlygy ýylynda bolup geçdi. Onsoň bu çäräniň halkara esaslary bar diýip aýdyp bolar. Elbetde, bu maslahat dünýäni, liderleri we jemgyýetçiligi suw we suw hyzmatdaşlygy meselesiniň gelýän ýyllarda bütin dünýä üçin hakykatdanam örän uly ähmiýetiniň boljagyndan habardar etmegi maksat edindi.

Eger bu meselede käbir sanlary aýtmaly bolsa, biziň hasaplamalarymza görä, gelýän 10-15 ýyl içinde suwa bolan talabyň 35 prosentden 60 prosente çenli ösmegine, ýagny ýokary galmagyna garaşylýar. Onsoň bu ýerde klimat özgermelerini hem nazara almaly. Indi biz barha köp ýerde suwuň ýetmezçilik edýändigini görýäris. Şeýle bolansoň, hökümetleriň alyp barýan syýasatynda suw meselesiniň ýokary derejede goýulmagy diýseň möhüm bolup durýar.

Meniň pikirimçe, bu konferensiýa şu maksat, şu nukdaý nazar babatda hem peýdaly boldy. Onsoň men bu konferensiýada dünýäniň çar künjeginden gelen wekiller bilen duşuşyp, olar bilen suw hyzmatdaşlygyny giň gerimde ýola goýmak üçin nähili işleri edip boljagy barada hem maslahat etdim.

Azatlyk Radiosy: Emma bu meseläniň esasy oppozisiýa bölegi, men bu ýerde Daşkendi, Özbegistanyň wekillerini nazar tutýaryn, konferensiýa gatnaşmady...

Patrisia Flor: Ýok, bu dogry däl, bu maslhata Özbegistanyň delegasiýasy hem geldi. Daşkentden gelen delegasiýa Özbegistanyň Oba hojalygy we tebigaty goramak ministriniň orunbasary, jenap Hamraýew ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de men başgalar bilen pikir alyşmak mümkinçiligini döreden panel maslahatyna gatnaşdym. Ol ýerde serhet ýakalarynda suw hyzmatdaşlygynyň tendensiýalary barada gürrüň edildi.
Biziň hasaplamalarymza görä, gelýän 10-15 ýyl içinde suwa bolan talabyň 35 prosentden 60 prosente çenli ösmegine, ýagny ýokary galmagyna garaşylýar." Patrisia Flor

Bu maslahata afrikaly wekiller hem gatnaşdy. Panela gatnaşanlaryň ählisi bir meselede, suw akymynyň möçberi, suw zerurlygy, dürli bähbitler barada maglumatlaryň bolmalydygy, bu zatlar barada bilelikde oturyp maslahat edilmelidigi bilen ylalaşdylar. Ideal ýagdaýda alnanda, hyzmatdaşlyk kanuny esaslara daýanmaly.

Elbetde, bizde BMG-niň Suw konwensiýalarynyň bardygyny bilýänsiňiz. Olaryň biri 1992-nji ýyla, beýlekisi 1997-nji ýyla degişli. Ol konwensiýalarda aýry-aýry ýurtlaryň we regionlaryň ulanyp biljek örän gowy düzgünleşdiriji kanunçylyk esaslary berilýär.

Azatlyk Radiosy: Siz Daşkent şol sözleri eşider, diňlär diýip pikir edýärsiňizmi?

Patrisia Flor: Hawa, olar şol ýerde maslahata gatnaşdylar we, gepiň gerdişine aýtsak, Daşkent BMG-niň şu meseledäki konwensiýalaryny tassyklady. Bu konwensiýalar Merkezi Aziýada entek Gyrgyzystan we Täjigistan tarapyndan tassyk edilmedi. Biziň nukdaý nazarymyzdan olaryň aladalaryna düşünmek kyn däl, sebäbi bu konwensiýalar ýokary akym ýurtlarynyň boýnuna bir topar jogapkärçilik ýükleýär.

Emma biziň gurnan panel maslahatymyzyň wekili, şol bir wagtda ýurist, kanun eksperti bu konwensiýalaryň her bir tarapa berýän anyk hukuklaryny we talap edýän jogapkärçiliklerini örän açyk düşündirdi, ýöne ol bu konwensiýalaryň hemme zatdan ozal hyzmatdaşlyk mehanizmeleri bilen üpjün edýändigini hem belledi.

Eger-da suw pudagy ýaly zerur bir meselede dawaňyz, problemaňyz bar bolsa, siz bu dawany nädip çözmeli, bu ugurda nähili mehanizmler, neneňsi kanunçylyk esaslary bar, bulary bilmek gerek. Şu sebäpden hem men BMG-niň Suw konwensiýalarynyň her bir adam üçin gaty möhümdigine ynanýaryn.

Azatlyk Radiosy: ABŞ, Hytaý, Orsýet we beýlekiler ýaly regional güýçleriň goşulmazlygy ileri tutýan halatynda, siz ýokary akym we aşaky akym ýurtlarynyň arasyndaky suw dawalarynyň çözülmeginde ýa çözülmegine kömek etmekde ÝB-niň roluny nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

Patrisia Flor: Ýewropa Bileleşigi özüniň ÝB-Merkezi Aziýa strategiýasynyň kanuny esaslarynyň çäginde eýýäm Merkezi Aziýa bilen suw we daşky gurşaw meselesinde regoional platforma döretdi. Bu biziň ýylda bir gezek ministrler derejesinde suw hem daşky gurşaw barada ýokary derejeli duşuşyk geçirýändigimizi aňladýar. Şeýle-de, biziň suw hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça iş toparymyz bar.

Mundan başga, ÝB olary tehniki proektler arkaly hem goldaýar. Mysal üçin, biz käbir serhetaşa derýalar baradaky kiçi proektlere goldaw berýäris. Biz ýerli ilata özara ylalaşyga gelmekde, suwaryş mehanizmlerini nädip gowulandyryp boljagy barada, şeýle-de olaryň bar bolan suw kanallaryny nähili bejerip, gaýtadan ulanyp biljegi barada kömek, maslahat berýäris.
Oş sebitiniň Garasuw etraby

Oş sebitiniň Garasuw etraby


Men golaýda Oşuň golaýynda şeýle proektleriň biriniň amala aşyrylýan ýerine sapar etdim. Şonda ýerli daýhanlar maňa ozal öz ýerleriniň diňe 20 prosentini ulanyp bilendiklerini, emma indi has köp ýer ulanmak mümkinçilgine eýe bolandyklaryny, ýerli ýagdaýyň has gowulanandygyny gürrüň berdiler. ÝB-niň bu ugurda gaty kän tejribesi bar. Sebäbi bizde Dunaý derýasy bar, Reýn derýasy bar. Dunaý hakykatda, konflikt taryhy bolan Balkan döwletleri bilen, örän çylşyrymly bir sebitiň içinden geçýär.

Onsoň biz öz tejribelerimizden, örän kyn syýasy şertler astynda, bu ugurdaky gündelik problemalary çözmekde haýsy mehanizmleriň, haýsy konwensiýalaryň, haýsy şertnamalaryň gowy kömek edip biljegini bilýäris. Biz bu praktikalarymyzy we tejribelerimizi başgalar bilen paýlaşmaga taýýar. Elbetde, soň merkezi aziýalylaryň öz çözgütlerini tapmagy gerek bolar.

Azatlyk Radiosy: Bu gowy, optimistik eşidilýär. Emma köpler, şol sanda amerikan korgesmenleri hem Merkezi Aziýadaky suw meseleleri döwletara ýa-da regional konfliktlere getirip biler diýen pikiri aýdýar. Siz bu barada ÝB-niň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili hökmünde näme pikir edýärsiňiz?

Patrisia Flor: Meniň soňky wagtlarda göz ýetirişime görä, suw hakykatda köp halatlarda, konflikte garanda, hyzmatdaşlyga alyp gelýär. Men bu ýerde durmuş ýüzündäki hyzmatdaşlygy nazarda tutýaryn. Emma muňa garamazdan, bu meselede konfliktler hem döräp bilýär. Sebäbi bu, suwly bolmak durmuşda düýp meseleleriň biri.

Agyz suwy ýa ekerançylyk suwy azyk howpsuzlygy, umumy saglyk ýagdaýy üçin düýp zerurlyk bolup durýar. Ikinji tarapdan, başgalaryň öz halkyny energiýa bilen üpjün etmegi hem suw bilen deň derejede möhüm mesele. Biz bulara düşünýäris. Elbetde, bu meseleler çözülmese, biz ýurtlaryň arasynda gabawa düşsek, onda bu ýerde töwekgellikler bar we soň biz konfliktlere ýa konfrontasiýalara eýe bolup bileris.

Emma biziň şu günki çagyryşymyzyň sebäbi-de şunda, geliň ýagdaýlary ýitileşdirmezlik üçin işläliň, sebäbi ol töwekgellikler hemme üçin örän ýokary we bar kişi ýitgi çekip biler. Bu belli zat, konfliktler bu meseleleriň hiç birini çözmez, tersine olary has çuňlaşdyrar.

Şu sebäpden biz olara muňa derek ylalaşyk, razylaşma tapmagy teklip edýäris. Şeýle edilende, her bir adamyň, tutuş ilatyň suw üpjünçiliginiň bolmagyna, energiýadan kösenmezligine kömek edip bolar.

Azatlyk Radiosy: BMG-niň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy merkezi bu sebitde suw meselesini çözmek üçin täze bir strategiýa işläp taýýarlady. Siz bu strategiýadan habarlymy, eger şeýle bolsa onuň ähmiýeti barada näme pikir edýärsiňiz?

Patrisia Flor: Hawa, men ondan habarly we meniň ilçi Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýadaky ýörite wekili bilen örän gowy aragatnaşygm bar. Elbetde, olaryň bu meselede nämeler edendigi ýa haýsy ýerde durandygy barada siz olaryň özünden soramaly.

Emma men bu ýerde başga bir zady aýdyp biljek: elbetde, BMG diýseň möhüm rol oýnaýar, sebäbi olar dünýä standartlaryny işläp taýarlaýarlar. Men ýokarda BMG-niň konwensiýalaryny ýatlap geçipdim. Olar, meniň pikirimçe, suw hyzmatdaşlygynyň kanunçylyk esaslaryny hem öz içine alýar. Şu sebäpden, eger-de BMG şol kanunçylygy esas edip, taraplaryň hemmesini bir ýere jemläp bilse, bu hakykatdanam gowy edilen iş bolardy.
XS
SM
MD
LG