Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Merginiň öňi alynýar


Gyrgyzystanyň premýer-ministri Jantoro Satybaldiýew ýurduň demirgazygynda bubon mergisiniň epidemiýasynyň döremegi baradaky habarlar boýunça hökümetiň geçirýän çärelerini öz gözegçiliginiň astyna aldy.

Hökümetiň metbugat gullugynyň duşenbe güni aýtmagyna görä, Satybaldiýew guramalara Ak-Suu etrabynda dezinfeksiýa çärelerini geçirmegi we ýerli ilata keselçiligiň öňüni alyş sanjymlaryny etmegi tabşyrypdyr.

Gyrgyzystanyň Sanitariýa gözegçiligi boýunça döwlet merkezi Ak-Suu etrabynda 15 ýaşly bir oglanyň bubon mergisinden ýogalandygyny anna güni habar berdi.

Resmiler oglana bu keseliň infesirlenen buräniň çokmagy zerarly ýokuşandygyny çak edýärler. Çaganyň jesedi oda berilip, ýörite çäreleriň ýerine ýetirilmeginde jaýlanypdyr.

Epidemiýalar boýunça ýörite komissiýanyň habar bermegine görä, häzir 100-den gowrak adam, şol sanda 19 sany medisina işgäri ýörite barlaglardan geçirilýär.

Gyrgyzystanda soňky sapar bubon mergisi 1981-nji ýylda ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG