Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Orsýet ABŞ duýduryş berýär


Orsýet Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assadyň režimine garşy harby çärelere girişmeginiň “howply netijeleri” berip biljekdigini duýdurýar.

Bu barada Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

Resmi maglumata görä, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen ýekşenbe güni telefon arkaly geçiren gepleşiginde amerikan resmileriniň Siriýa goşulyşmaga taýýardygyny aňladýan çykyşlaryna Moskwanyň “çüňňür aladalanma” bildirýändigini aýtdy.

Amerikan resmileriniň şeýle çykyşlary Assadyň güýçleriniň çarşenbe güni himiki ýaraglary ulanmagynyň ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolandygy barada maglumatlaryň peýda bolmagyndan soň edilipdi.

Siriýa ýekşenbe güni BMG-niň inspektorlarynyň barlag geçirmegine razylyk bildirdi. Assad özüne garşy edilýän aýyplamalary “syýasylaşdyrylan” diýip atlandyrýar we olaryň “akyl-paýhasa ters” gelýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG