Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ýene suw joşýar


Orsýetiň Habarowsk şäheriniň golaýynda Amur derýasynyň suw derejesi ýene ýokarlanyp 730 santimetre ýetdi. Muňa güýçli ýagyşyň ýagmagy goşant goşdy.

Geçen hepdede Habarowsk şäheriniň häkimi derýada suwuň derejesi 780 santimetre ýetenden soň ýerli ilatyň köpçülikleýin ewakuasiýa ediljegini aýdypdy.

Soňky günlerde Amur, Habarowsk, Ýakutiýa regionlaryndan we Ýewreý awtonom oblastyndan müňlerçe adam ewakuasiýa edildi.

Suwuň joşmagy ýekşenbe güni regionyň onlarça ýaşaýyş nokatlaryna zerba urdy.

Prezidentiň Uzak Gündogar boýunça wekili Wladimir Pysiniň duşenbe güni aýtmagyna görä, Habarowsk bilen Komsomolsk-na Amure şäherleriniň arasyndaky ýolunyň doly ýapylmagy ähtimal.

Orsýetde soňky 120 ýylyň dowamynda bolan iň güýçli suw joşguny 50 000-den gowrak adama öz täsirini ýetirdi.
XS
SM
MD
LG