Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: BMG-niň inspektorlary oka tutuldy


Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagy boýunça iş alyp barýan BMG-niň inspektorlarynyň barýan ulagy oda tutulypdyr. BMG-niň metbugat wekili Martin Nesirki düşenbe güni inspektorlaryň ulagyna “näbelli mergenler tarapyndan birnäçe sapar göni ok atylandygyny” aýtdy.

BMG-niň inspektorlary Damaskyň golaýyna baryp, geçen hepdäniň çarşenbe güni himiki ýaraglaryň ulanylandygy barada habar berilen ýerlerde derňew geçirmegi planlaşdyrypdy. Şol hüjümlerde ýüzlerçe adamyň heläk bolandygy barada habar berilipdi.

Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assad öz goşunlary tarapyndan himiki ýaraglaryň ulanylmagyny ret edýär.
XS
SM
MD
LG