Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýylmaz: 'Çagamyzy Türkmenistandan çykarmadylar'


Ýylmaz Ýüjeor

Ýylmaz Ýüjeor

Türkmenistanda edil häzir 600-e golaý türk firmasy bar, şol firmalarda müňlerçe türkiýeli işleýär. Indi Türkiýede ýaşaýan Ýylmaz hem 2001-nji ýyla çenli Türkmenistanda ýaşan we işlän türklerden biri.

Gurluşyk hünärmeni Ýylmaz Türkmenistanda bolan mahaly türkmenistanly gyza öýlenip, häzir olaryň bir çagasy bar. Emma haçan-da 2001-nji ýylda olar Türkmenistany terk etmekçi bolanlarynda, aeroportda olara öz çagasyny Türkiýä alyp gaýtmaga rugsat edilmändir.

Onsoň şol wagt diňe bir ýarym ýaşyndaky çaga häzir on dört ýaşyna gadam basyp gelýär. Şondan bäri ol ene-atasyny, onuň ene-atasy bolsa çagasyny görüp bilenok. Ýylmaz, bu ýagdaýa asla düşünip bilmeýändigini aýdyp, başdan geçirenleri hakda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana haýsy sebäp bilen gitdiňiz we ol ýerde näme iş bilen meşgullandyňyz?

Ýylmaz: Özüm türkiýeli türkmen bolanym üçin türkmen söýgüsi bilen Türkmenistana gitdim. Türkmenistanda mermer ussasy bolup, jaýlaryň daşyny mermerlemek işi bilen meşgullandym. Türkmenistanda iki ýyldan gowrak şeýle işde işledim. Soň türkmen gelnim bilen tanyşdym we ondan soň bile Türkiýä gaýtdyk. Türkiýede resmi nikadan geçdik.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin öýlenjek gyzyňyzy Türkmenistandan saýlap aldyňyz?

Ýylmaz:
Türkmenistan biz bilen ganybir kowumdaş. Türkmenler biziň bilen bir gandan bolany üçin, has mähirli göründi we şeýle sebäpden türkmen gyzyna öýlendim. Soň hem bir çagamyz boldy we ol Türkmenistanda galdy.

Azatlyk Radiosy: Çagaňyz näme üçin Türkmenistanda galdy? Türkiýä getirmegiňize näme päsgel berdi?

Ýylmaz:
Türkmenistanyň kanunlary rugsat bermänsoň, çagamyzy öz ýanymyz bilen alyp gaýdyp bilmedik. Şol sebäpden çagamyzy gelnimiň gyz jigisine berdik we şu wagt çagamyza ol seredýär. Türkiýä gelenden soň türkmen aýalym türk raýatlygyna kabul edildi. Ýöne men Türkmenistanda türkmen raýatlygyna kabul edilmedim.

Bir gandan gelýändigimize garamazdan, şeýle ýagdaýa duçar bolmagymyz gaty agyr degýär. Aýalym türkmen bolany sebäpli, Türkmenistan bize her ugurdan kynçylyk döredýär.

Azatlyk Radiosy: Birneme dolurak maglumat beräýseňiz, nähili kynçylyk barada gürrüň edýärsiňiz?

Ýylmaz:
Çagamyzy görmäge gitmeklik üçin wiza alyp bilemizok. Çagamdan daşgary gaýynenem, baldyzlarym, [ýagny gelnimiň gyz jigileri], bajalarym Türkmenistanda. Şolary görmek isleýäris. Wiza berenoklar. Türkmenistanda işlemeýändigiň üçin wiza alyp, ýurda baryp bilmersiň diýýärler.

Bize Türkmenistandan gelnimiň gyz jigisi çakylyk iberdi. Her gezeginde hem ret edýärler. Bir firmanyň üstünden çakylyk almagymyz talap edilýär. Men Türkmenistanda hiç bir firmada işlämok. Şonuň üçinem Türkmenistandaky bir firmada işleýär diýip, kagyz alyp bilemok.

Men adaty ýagdaýda Türkmenistandaky çagamy we garyndaşlarymy görmek isleýärin. Her gezekde bir aýlyk wiza soraýarys we ony hem berenoklar. Alty aý arakesme bilen üç gezek Türkmenistana wiza üçin ýüz tutduk we hemmesinde hem wiza bermediler.

Maňa Türkmenistandan berilýän maglumata görä, Türkmenistandaky bir firmanyň işgäri ýaly edip görkezmeseň, wiza berilmejekdigi aýdylýar. Men Türkmenistandaky ýagdaýa düşünip bilemok. Ol ýerdäki kanunlar Türkiýe bilen deňeseň, gaty üýtgeşik we tapawutly ýaly. Her hökümetiň özüne görä kada-kanuny bar. Şonuň üçinem meniň Türkmenistana diýip biljek sözüm ýok.

Ýylmaz Ýüjeor we onuň maşgalasy

Ýylmaz Ýüjeor we onuň maşgalasy

Azatlyk Radiosy: Ýylmaz aga, Türkmenistandan öýlensem diýýänlere nähili maslahatyňyz bar?

Ýylmaz:
Ganymyz bir bolsa-da, kanunlarymyz bir däl. Bu sebäpden Türkmenistan babatda gaty köp kynçylyk çekýäris. Türkiýede bolsa hiç hili kynçylyk bolmady. Türkmen aýalym häzir Türkiýede adaty türk raýatlary ýaly saýlawlara çenli gatnaşyp, arkaýyn, kynçylyksyz ýaşap ýör. Türkiýede türkmen aýalyma ähli hak-hukuklar berildi.

Ýöne Türkmenistanda, gynansagam, şeýle kanunlar ýok. Şeýle ýagdaý ynsana gaty agyr degýär. Biz Türkmenistan bilen duşman däl. Türkmenistandakylar bilen ganymyz bir. Aslymyz hem bir toprakdan önen. Ata-babalarymyz Türkmenistandan gelen. Näme üçin maşgalalara kynçylyk döredilýär, düşüner ýaly ýagdaý däl.

Azatlyk Radiosy: Ýylmaz aga, iki ýurduň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň gül ýalydygyny nygtaýarlar. Resmileriň belleýşi ýaly hemme zat gülala-güllük bolýan bolsa, onda siziň bu ýagdaýa düşmegiňize kim günäkär?

Ýylmaz:
Gaty köp tanadyş işi edilýär ýöne hiç bir ylalaşyk, kada-kanun durmuşa geçirilmeýär. Meniň pikirimçe, döwlet ýolbaşçylarynyň şeýle maşgala dramalaryndan habary ýokmuka diýýärin. Bolmasa, döwlet ýolbaşçylary meniň çagamdan aýra düşmegime rugsat bermezmikä diýýärin.

Türkiýäniň premýer-ministri üç sany çaga ediniň diýip, bize nesihat edýär. Şeýle döwlet ýolbaşçysynyň maşgala dramalaryndan habary bolan wagty derrew kömek etjekdigine ynanýaryn. Ýöne, gynansagam, öz arzy-halymyzy hiç kime ýetirip bilemizok. Türkmenistan bilen baglanyşykly maşgala dramasy barada ilatyň ýerli-ýerden öz sesini [häkimiýetlere] eşitdirmegi zerur.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyna kömek sorap ýüz tutduňyzmy we olar näme diýdiler? Size kömek etmedilermi?

Ýylmaz:
Türkmen ilçihanasyna ýüz tutduk. Olar Türkmenistandan çakylyk iberilmelidigini aýdýarlar. Gelen çakylygy ilçihana tassyklanyndan soň, Türkmenistana gidip bilersiňiz diýdiler. Men Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna ýüz tutdum we olar meniň Türkiýeden şeýle gidip bilmejekdigimi aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistana gidip bilmeýän bolsaňyz, siziň türkmen aýalyňyzam gidip bilenokmy? Türkmen gelniňiz hiç gitmedimi Türkmenistana Türkiýä geleniňizden bäri?

Ýylmaz:
Aýalym, Türkiýä geleli bäri, Türkmenistana hiç gitmedi. Meni goýup, mensiz gidesi gelenok. Adamym bolup, sen gitmeseň, özümem gitjek däl diýýär. Türkiýe we Türkmenistan raýatlarynyň gurýan maşgalalarynda esasy kynçylyk wiza bökdençligi.

Türkmenistanyň wiza bökdençligi maşgalalaryň bagtly durmuşyny hem bökdeýär.
Biziň islegimiz Türkiýäniň we Türkmenistanyň raýatlarynyň gurýan maşgalalarynyň bagtlylygyna hiç hili bökdençlik bolmazlygy. Türkmenistanyň wiza bökdençligi çagalary öz ene-atasyndan, dogan-gardaşy öz hossaryndan aýyrýar.

Biz Türkmenistandaky çagamyzy bir ýarym ýaşynda goýup gaýtmaly bolduk we on iki ýyldan bäri wiza bökdençligi sebäpli ony görüp bilemizok. Türkiýäniň we Türkmenistanyň raýatlarynyň guran maşgalalaryny wiza sebäpli biri-birinden aýyrmasynlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG