Sepleriň elýeterliligi

Yslamçy topar Gyrgyzystana barha aralaşýar


Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky medresede oglanjyk Gurhan okaýar.

Bangladeşiň paýtagty Dakkadaky medresede oglanjyk Gurhan okaýar.

Merkezi Aziýada ýerleşýän aglaba ýurtlar tarapyndan gadagan edilen yslamçy sünni topar bolan "Tabligi jemagat" öz hödürleýän mugt dini okuw programmalary arkaly Gyrgyzystana barha giňden aralaşýar.

Umuman aýdylanda, bu topar Gyrgyzystanyň obalarynda ýaşaýan garyp maşgalalaryň çagalaryny Bangladeşde ýerleşýän dini mekdeplere okuwa iberýär.
Azatlyk Radiosy tarapyndan ele salnan dokumentlerden belli bolşuna görä, "Tabligi jemagat" diýlip atlandyrylýan bu toparyň alyp barýan işlerinden Gyrgyzystanyň hökümeti barha uly alada galýar. Aýdylyşyna görä, gyrgyz häkimiýetleri agzalýan toparyň işlerine gözegçiligi barha artdyrýarlar.

Özleriniň parahatçylykly topardygyny aýdýandygyna garamazdan, "Tabligi jemagat" Orsýetde ekstremistik topar hökmünde gadagan edilen. Ol Eýranda, Täjigistanda, Gazagystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda hem bikanun diýlip hasaplanýar.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň magaryf, ylym, medeniýet we sport boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Kanybek Osmanalyýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, "Gyrgyzystanyň "Tabligi jemagat" toparynyň Merkezi Aziýadaky bazasy bolmagynyň öňi alynmaly".

Ol aýratynam Gyrgyzystanyň häzirki döwürde bar bolan kanunçylygyndan peýdalanyp, ýaşy 16-a ýetmedik çagalaryň dini bilim üçin daşary ýurtlara iberilmeginiň gadagan edilmelidigini nygtaýar: "Gynansak-da, çagalary Bangladeşdäki dini mekdeplere iberip, biznes edýän adamlar bar. Biziň Milli howpsuzlyk gullugymyz, Içeri işler hemem magaryf ministrligimiz, şeýle-de ýerli hökümet edaralarymyz bu ýagdaýa ýeterlik üns bermeýärler. Käbir halatlarda olar şeýle ýagdaýlara göz ýumýarlar. Bu meselede käbir parlament agzalary kanun taslamasyny hödürleýär, emma hökümet ýolbaşçylaryndan hijisi oňa üns berenok".

Bangladeşdäki dini mekdepler

"Tabligi jemagatyň" güýçli merkezi diýlip hasaplanýan Bangladeşdäki dini mekdeplerde näçe sany gyrgyzystanlynyň bilim alýandygy barada takyk maglumat ýok. Onuň sebäplerinden biri hem hususy adamlar tarapyndan maliýeleşdirilýän şol mekdeplere hökümet tarapyndan hiç hili gözegçiligiň bolmazlygy.

Emmma Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy agzalýan dini topara degişli Kakrail atly merkezde azyndan 55 sany gyrgyzystanly okuwçynyň bilim alýandygyny anyklady. Bu merkez Bangladeşiň paýtagty Dakkada ýerleşýär.

Şol okuwçylardan biri-de 23 ýaşyndaky Ahmed. Şol mekdepde okuwa başlansoň, ol özüne Ahmed diýen ady alypdyr.

Ahmed 17 ýaşyndaka "Tabligi jemagat" toparynyň agzalary bilen tanşyp, soň Bangladeşe iberilipdir. Gyrgyzystanda okuwyny dowam etdirmek üçin ýeterlik maliýe serişdesi bolmansoň, Bangladeşde mugtuna hödürlenýän bu okuw onuň üçin ýüz öwrüp bolmajak mümkinçilik bolupdyr.

Dini ýaýratmak üçin

6 ýyl aradan geçensoň, şu günki gün Ahmed okuwyny tamamlap barýar. Ol arapça ýazmagy hem okamagy öwrenipdir, Gurhany bolsa ýatdan bilýär. Emma bu okuw Ahmede Gurhan okamak hemem dini ýaýratmak üçin wagyz işlerinden başga hiç zat öwretmändir.

Ahmed "Tabligi jemagatyň" Gyrgyzystandaky toparyna girip, dini wagyz etmek işlerine başlamaga taýyndygyny aýdýar. Ol wagyz üçin ýörite türgenleşik diýlip hasaplanýan 120 günlük ýörite okuw programmasyna gatnaşmagy-da planlaşdyrýar.

Ahmed öz alan bilimi barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Gurhany ýatdan bilmek seniň diplomyň. Eger kimdir biri Gurhany başdan-aýak ýatdan okap bilýän bolsa, bu onuň diplomy. Bangladeşiň hökümeti bize hiç hili dokument berenok, emma Hudaý bize diplomymyzy berýär".

"Tabligi jemagat" sünni mezhebiniň hanafy ýoluna degişli bir topar bolup, onuň düýbi 1926-njy ýylda Hindistanyň demirgazygynda tutulypdyr. Onuň maksady Hindistanly musulmanlaryň dini we medeni gymmatlyklaryny gorap saklamakdan ybarat.

Bu topar oba-oba aýlanyp, yslam dinini wagyz-nesihat etmek bilen meşgullanýar. Onuň häzirki döwürde 200-den gowrak ýurtda iş alyp barýandygy çaklanýar. Owganystandaky we Pakistandaky talyban topary ýaly, bu topar hem Muhammet pygamberiň şahsyýetini özleriniň baş göreldesi hasaplaýar.

Toparyň erkek agzalary sakgal göýberýärler, haçan-da wagyz-nesihat işlerine çykanlarynda, kellesine ak selle oranýarlar. Bu topar zenanlaryň bilim almagyna garşy we bu ugurdan olaryň tutýan pozisiýasy talybanlaryňka çalymdaş.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG