Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Siriýa harby hüjüm edilmegine garşy


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýet, eger-de Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy halkara harby hüjüme başlansa, onda onuň “aşa howply netijeleriniň” boljakdygy barada Birleşen Ştatlara duýduryş berdi.

Duşenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan maglumatynda bellenmegine görä, ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýekşenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Birleşen Ştatlaryň resmileriniň Siriýadaky ýagdaýa goşulyşmaga taýýarlyk görülýändigi barada eden çykyşyndan soň Moskwanyň “gaty howsala düşendigini” aýdypdyr.

Birleşen Ştatlaryň bu çykyşy geçen çarşenbe günki hüjümlerde Assadyň hökümet güýçleriniň parahat ilata garşy himiki ýaraglary ulanandygy baradaky aýyplamalaryň yzysüre edildi. Şol hüjümlerde parahat ilatdan ýüzlerçe adam pida boldy.

Duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň himiki ýaraglar boýunça ekspertler topary derňew geçirmek üçin himiki ýaraglar ulanyldy diýilýän ýere barýarka, bu toparyň üstüne hüjüm edildi.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki telekanal bu hüjümiň terroristik toparlar tarapyndan amala aşyrylandygyny habar berdi.

Ak tam

Mundan ozal Ak tamyň ýokary derejeli resmisi çarşenbe günki hüjümlerde Assadyň hökümet goşunlarynyň himiki ýaraglary ulanandygyna güýçli şübheleriň bardygyny, emma şol bir wagtda-da mundan beýläk geçirilen barlaglaryň netijesini ygtybarly diýip hasaplardan giçdigini nygtady.

Orsýet bolsa edildi diýilýän himiki hüjümleriň söweşijiler tarapyndan “prowokasiýa” hökmünde amala aşyrylan bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.

Assad hem aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny aýdyp, ony ret etdi. Duşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Orsýetiň “Izwestiýa” gazetine beren interwýusynda aýyplamalaryň “akyl-paýhasa zarba urýandygyny” nygtady.

Hökümete garşy iş alyp barýan aktiwistleriňdir ”Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň berýän maglumatyna görä, çarşenbe güni hökümet güýçleriniň artilleriýa hüjümi netijesinde 300-den gowrak adam ölüpdir. Olaryň aýtmagyna görä, hüjümde zäherli gazlar hem ulanylypdyr.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun duşenbe güni eden çykyşynda, agzalýan hüjümde bolan hakykatyň aýan edilmegi üçin BMG-niň ekspertleriniň zerur derňewleri geçirmegine rugsat edilmelidigini nygtady.

Derňewler

Ol bu derňewiň netijesine hemmeler garaşýarlar diýdi: “Olara rugsat edilmegi hemmäniň bähbidine, Siriýadaky ähli partiýalar we bu barada aladalanýan ähli ýurtlar BMG-niň ekspertlerine rugsat edilmek meselesi bilen gyzyklanýarlar. BMG-niň ekspertleriniň derňewleri netijesinde ýakynda Damaskda himiki ýaraglar ulanyldy diýilýän aýyplamalaryň anygyna ýetiler we olaryň bu işdäki üstünligi Siriýada ýa-da beýleki ýerlerde başga-da ulanylmagy mümkin himiki ýaraglaryň öňüni almaga täsir edip biler. Biziň islegimiz – BMG-ä agza ýurtlaryň çagyryşlaryna jogap bermek, öz borçlarymyzy doly ýerine ýetirmek we hemmeleri uly howsala goýýan jogapsyz galýan soraglary çözmek”.

Fransiýanyň daşary işler ministri Günbatar ýurtlarynyň bu ýagdaýa nähili çemeleşiljekdigi barada öňümizdäki günlerde takyk bir netijä gelinjekdigini aýtdy.
Türkiýe bolsa, eger BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Damask meselesi bilen baglanyşykly biragyzdan belli bir ylalaşyga gelinmese, onda özüniň Siriýa garşy döredilýän halkara koalisiýasyna goşuljakdygyny aýtdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň duşenbe güni “Milliýet” gazetine beren interwýusynda “Häzirki wagtda dünýäniň 36-37 ýurdy bu alternatiw mümkinçilik boýunça özara gepleşikleri geçirýärler” diýdi.
XS
SM
MD
LG