Sepleriň elýeterliligi

Pagtany kim ýygýar?


Pagta ýygýan zenanlar

Pagta ýygýan zenanlar

23-nji awgustda Türkmenistanda geçirlen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin Mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 28-nji awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek üçin ak pata berýändigini aýtdy.

Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlara görä, şu günler ekin meýdanlarynda oba hojalykçylardan, daýhanlardan başgalaryň-da köpçülikleýin göze ilýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Umyt Jumaýewiň berýän maglumatlaryna görä, pagta meýdanlarynda çagalara-da duş gelmek bolýar.

XS
SM
MD
LG