Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Muşarafyň aklawçylary şaýatlara daýanýarlar


Pakistanyň öňki ýolbaşçysy Perwez Muşarrafyň aklawçylary gorag üçin şaýatlaryň sanawyny öňe sürýärler we munuň 2007-nji ýylda janyna kast edilen öňki premýer-ministr Benazir Bhuttonyň ölümine Muşarrafyň gatnaşygy baradaky aýyplamalar esasynda gozgalaň işe aýdyňlyk berjegine umyt baglaýarlar.

Muşarraf sişenbe günki diňlenşige gatnaşmady

20-nji awgustda Rawalpindi şäheriniň sudy Muşarrafyň işine adam öldürmek we munuň üçin dildüwşüge gatnaşmak ýaly jenaýatçylyklara degişli üç sany madda esasynda seredipdi. Ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilen bu sud diňlenşiginde Muşarraf özüne bildirilýän günäni ret edipdi. Muşarraf Bhuttony zerur derejede howpsuzlyk şertleri bilen üpjün etmezlikde günälenýär.

Benazir Bhuto 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Yslamabadyň golaýyndaky Rawalpindi şäherinde syýasy çäreleriň dowamynda bomba we ok hüjümlerinde öldürilipdi.

Perwez Muşarraf 1999-2008-nji ýyllarda häkimiýet başynda bolan döwrüne degişli sud işleriniň ençemesine çekildi.
XS
SM
MD
LG