Sepleriň elýeterliligi

Kosowo: BMG tankyt edildi


“Amnesty International” guramasy BMG-niň Kosowodaky missiýasynyň 1990-njy ýyllaryň aýagynda Serbiýa bilen konfliktiň dowamynda ýitirim bolan adamlaryň, esasan etnik serbleriň ykbaly boýunça derňew geçirmek işini tankyt etdi we guramanyň derňewlerini şowsuz, diýip atlandyrdy.

“Amnesty International” guramasynyň sişenbe güni ýaýradan hasabatynda guramanyň Kosowo boýunça bilermeni Sian Jones BMG-niň missiýasynyň hereketsizligi Kosowoda temmisizlik ýagdaýyna goşant goşdy, diýip aýtdy.

Hasabatda regionda ýiten adamlaryň, esasan etnik serbleriň hossarlarynyň BMG-niň işinden nägilelikleri getirilýär. Şeýle-de hasabatda Kosowoly serbleriň ogurlanmagy bilen bagly meselä üns berilýär, muňa “Kosowony liberallaşdyryş goşuny” atly separatist toparynyň agzalary bolan etnik albanlaryň gatnaşygynyň bolmagy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG