Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Siriýa basyşyny güýçlendirýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerrri

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerrri

ABŞ Siriýada himiki ýaraglary ulananlaryň jogapkärçilige çekilmegine çagyrýar. ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylandygyny aýdyp, Başar al-Assadyň režimini agzalýan hüjümden soň onuň delillerini ýok etmekde aýyplady.

“Geçen hepde Siriýada bolan waka dünýäniň wyždanyny syzlatmaly. Ol moral gymmatlyklaryň ählisine garşy gelýär. Has açyk gürlesem, parahat ilatyň hiç hili saýgarylmazdan öldürilmegi, zenanlaryň we çagalaryň öldürilmegi, bigünä adamlaryň himiki ýaraglar bilen öldürilmegi moral taýdan uly aýyp. Bu aklanyp bilinjek ýazyk däl” diýip, Jon Kerri aýtdy.

Ol aýratynam prezident Barak Obamanyň 21-nji awgustda bolan şol hüjüme nähili çemeleşilmeli diýen sorag bilen bagly karara gelmek üçin, ýurduň kanun çykaryjylary we ABŞ-nyň ýaranlary bilen pikir alyşýandygyny aýtdy: ”Bu meselede ýalňyşmaň, durmuşda iň goraga mätäç adamlara garşy iň rehimsiz ýaragy ulananlar eden işlerine hökmän jogap bermeli, bu prezident Obamanyň pikiri”.

“Halkara kanunlaryny depgilemeklik”

Mundan ozal Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýasy bolmazdan, haýsydyr bir harby çärä girişilmegiň halkara kanunlaryny depgilemek boljakdygyny mälim etdi.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady ýarag bilen üpjün edýän esasy ýurt we onuň ýakyn ýarany bolan Orsýet, mundan ozal şol hüjümleriň arkasynda Siriýanyň söweşiji toparlarynyň bolmagynyň mümkindigini aýdypdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius bolsa Siriýa garşy harby çäre görmek meselesinde Howpsuzlyk Geňeşinde geçiriljek islendik teklibe Orsýet bilen Hytaýyň weto goýmagy mümkin diýdi.

Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Hag bolsa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasy bolmasa-da, Siriýa garşy harby çäre görlüp bilinjekdigini nygtady.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bolsa Orsýetiň “Izwestiýa” gazetine beren interwýusynda, öz ýurduna garşy geçiriläýmegi mümkin harby çäräniň şowsuzlyk bilen tamamlanjagyny we himiki ýaraglar ulanyldy diýilýän aýyplamanyň bolsa syýasy äheňlidigini nygtady.

Ýolda oka tutmak

Bu beýanatlar, Siriýanyň paýtagty Damaskda BMG-niň ýarag inspektorlary agzalýan himiki ýaraglar ulanyldy diýilýän ýerde barlag geçirmek üçin barýarka, ýolda oka tutulmagynyň yzysüre edildi.

BMG näbelli adamlar tarapyndan amala aşyrylan şol hüjümde gurama degişli maşynlardan biriniň nyşana alnandygyny habar berdi. Şol hüjümi amala aşyrmakda hökümet we söweşiji toparlar biri-birini aýypladylar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun, Duşenbe güni Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda eden çykyşynda, howply ýagdaýlara garamazdan, guramanyň inspektorlarynyň öz jogapkärli işini berjaý edendiklerini aýtdy.

Ban Ki-Mun bu barada şeýle diýdi: ”Olar iki keselhana baryp gördüler. Olar wakany gören şaýatlar, bu hadysadan soň aman galan adamlar we lukmanlar bilen gepleşdiler. Olar aýratynam käbir nusgalary ýygnadylar. Häzir olar Damaska dolanýarlar. Olaryň deslapky garaýyşlary bilen tanyşmak üçin men birsalym garaşmaly bolaryn”.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň maglumatyna görä, 21-nji awgustda Damaskyň eteginde ýerleşýän ençeme etrapda amala aşyryldy diýilýän şol himiki hüjümlerde azyndan 300 adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG