Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde suwuň derejesi ýokarlanýar


Habarowsk şäheriniň golaýynda Amur derýasynda suwuň derejesi täze rekorda ýetdi we 736 santimetr boldy. Muňa güýçli ýagyş goşant goşdy.

Sişenbe güni Howany öňünden çaklaýan regional merkez suwuň joşmagynyň sentýabr aýynyň ilkinji günlerine çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Habarowskyň häkimi suwuň derejesi 780 santimetre ýetensoň adamlaryň köpçülikleýin ewakuasiýa ediljegini aýtdy.

Prezidentiň Uzak Gündogar boýunça ýörite wekili Wiktor Işaýewiň aýtmagyna görä, suw joşguny 100 000 adama öz täsirini ýetiripdir we Amur, Habarowsk, Ýakutiýa we Ýewreý awtonom regionlarynda 9 500 öýi ýumrupdyr.

Habarowsk regionynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Wýaçeslaw Şprot Orsýetde soňky 120 ýylyň dowamynda ýüze çykan iň güýçli suw joşgunynyň şu aýyň aýagynda tamamlanmagyna umyt baglady.
XS
SM
MD
LG