Sepleriň elýeterliligi

Tbilisi: Musulmanlar protest geçirýärler


Gürjüstanda müňlerçe musulman Tbiliside ýygnanyp Samtshe-Jawaheti regionynda metjidiň minarasynyň ýykylmagyna garşy protest geçirýärler.

Düşenbe güni ýerli häkimiýetler Çhela obasynda minarany ýumurdylar. Musulmanlaryň bir topary muňa garşy çykmaga synanyşanda, polisiýa güýç bilen protestçileri dargadypdyr we 21 adamy tussag edipdir.

Gürjüstanyň Maliýe ministrligi minarany ýumurmak kararyny onuň gurluşygy üçin ulanylan materiallary barlamak we olaryň düzgüne görä deklarasiýa edilip-edilmändigini anyklamak maksady bilen düşündirdi.

Gürjüstanyň Musulman müdiriýetiniň baş müftisi Jamal Paksadze minaranyň ýumrulmagyny ýazgardy we munuň gürji raýatlarynyň hukuklaryny depeleýändigini aýtdy. Düýbi Ajar awtonom respublikasynda ýerleşýän Musulman müdiriýetiniň agzalary sişenbe güni Tbilisä baryp protest aksiýasyna ýolbaşçylyk etdiler.
XS
SM
MD
LG