Sepleriň elýeterliligi

Aktiwist: 'Aýalymy ýuwaşlyk bilen öldürýärler'


Orsýetiň tussaglykdaky oppozision aktiwisti Taisiýa Osipowa. 28-nji aprel, 2012 ý.

Orsýetiň tussaglykdaky oppozision aktiwisti Taisiýa Osipowa. 28-nji aprel, 2012 ý.

Orsýetiň tussaglykdaky oppozision aktiwisti Taisiýa Osipowa duşenbe güni, ýagny 26-njy awgustda 29 ýaşyna gadam basdy. Osipowa doglan gününi eýýäm üçünji gezek türmede geçirýär.

“Başga Orsýet” atly oppozision hereketiň lideri bilen durmuş guran ýaş zenan neşe serişdeleri bilen ilteşikli türmä basylyp, sekiz ýyllyk tussaglyk jezasyny çekýär. Köpler bu aýyplamany toslama we syýasy maksatly günäleme diýip hasaplaýarlar.
Duşenbe güni Osipowanyň tarapdarlary, onuň boşadylmagyny talap edip, Moskwada ýygnanyşdylar.

Osipowa 2011-nji ýylda Orsýetiň günbataryndaky Smolensk şäherinde tussag edilende, bu edil ”Pussy Riot” pank toparynyň agzalary tussag edilendäki ýaly onçakly uly ünsi çekmändi.

Duşenbe güni geçirilen mitingde Osipowanyň adamsy öz aýalynyň agyr ýagdaýyna gaýtadan jemgyýetiň ünsüni çekmegi umyt edýärdi. Taisiýanyň adamysy bu hakda şeýle diýýär: “Bu onuň türmede geçiren üçünji doglan güni. Duşenbe günki miting Taisiýanyň dostlary, men we “Başga Orsýet” oppozision hereketiniň agzalary tarapyndan gurnaldy. Biz adamlara Taisiýa we onuň ykbaly barada ýatlatmak isledik. Sebabi adamlar onuň sud işi barada unudyp başladylar”.

Ýedi ýaşyndaky gyzyň ejesi Osipowa geroin satmaga synanyşmak we öýünde neşe saklamak günäleri bilen ilkibada 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Bu hökümiň garşysyna Orsýetde dürli protestler geçirildi. Tankytçylar bolsa tussaglyk boýunça bu uzak möhletlik kararyň Osipowanyň adamsynyň alyp barýan syýasy işlerine basyş etmek maksady bilen çykarylandygyny aýdyp, karary tankyt edipdiler.

“Gaty ýowuz”

2012-nji ýylda Orsýetiň şol wagtky prezidenti Dmitriý Medwedew Osipowanyň 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegini “gaty ýowuz” diýip tankyt edenden soň, onuň sud işine gaýtadan seredildi.

Osipowanyň sud işine gaýtadan seredilende, prokurorlaryň hem onuň dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilmelidigini hödürlemegine garamazdan, onuň 10 ýyllyk türme tussaglygyndan diňe iki ýyly azaldylyp, sekiz ýyla getirildi.

Osipowa türmäniň işgärleri tarapyndan özüniň kemsitmelere sezewar edilýändigi, şol sanda içi tussaglardan aşa doly kameralarda saklanýandygy we aklawçysy bilen duşuşmagyna yzygiderli rugsat berilmeýändigi boýunça şikaýat edipdi.

Osipowanyň adamsy Fomçenkowyň aýtmagyna görä, onuň aýaly diabet, ýagny süýjülik keseli üçin zerur medisina kömegini almakdan hem mahrum edilýär. Maglumatlara görä, Osipowa pankreatit, ýagny aşgazan astyndaky mäzleriň näsazlygyndan ejir çekýär.

Fomçenko aýalynyň saglyk ýagdaýynyň gün-günden erbetleşýändigini nygtaýar: “Ol talabalaýyk medisina bejergisini alanok. Diabet näsagy hökmünde onuň talabalaýyk ýaşaýyş-durmuş şertleri bolup, berhiz tutmaly. Ýöne bu zatlary türmede etmek mümkin däl. Ol ýerde endokrinolog lukmany ýok. Aýalymyň durnukly spesialistiň gözegçiliginde saklanmalydygyna garamazdan, ol üç ýyl türme tussaglygynda saklanan döwri endokrinolog lukmany ony diňe iki sapar gördi. Olar ony ýuwaşlyk bilen öldürýärler”.

Özüniň günäsizdigini tekrarlaýar

Şol bir wagtyň özünde-de Osipowa özüniň günäsizdigini tekrarlaýar. Ol öz ýaşaýan kwartirasynda barlag geçirilýärkä, polisiýany öýüne neşe serişdesini atmakda aýyplady. Bu Orsýetde giňden ýaýran bir tejribedir.

Netijede Osipowanyň bu aýdanlary ikinji sud diňlenişigi döwründe şaýat tarapyndan tassyklanyldy. Muňa garamazdan, Osipowanyň neşe maddalary bilen ilteşikli beýleki iki sud işi öz güýjünde galdy.

Osipowanyň aklawçysy Sidorkin öz müşderisiniň sud işinde düýpli ýalňyşlyklaryň goýberilendigini nygtap, şeýle diýýär: “Osipowanyň sud işinde onuň neşe satmaýandygy subut edilende goýberilen birnäçe natakyklyklar bar. Onuň garşysyna ýygnalan delilleriň ählisi ýörite kanun çykaryjy guramalar tarapyndan üpjün edildi. Ilkibaşda ol bäş sud işi bilen aýyplandy. Sud işine gaýtadan seredilenden soň, şol aýyplamalaryň diňe ikisi galdy. Eger Osipowa garşy gozgalan suduň kararynyň üçüsi bikanun bolsa beýleki ikisiniň kanuna gabat gelýändigi barada nähili delil bolup biler?”.

Osipowa Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça suduna, tussaglykda özüne adamkärçiliksiz we kemsidiji çemeleşilýändigini aýdyp, şikaýat edeninden soň, şu ýylyň iyul aýynda Orsýet döwleti oňa 4600 ýewro möçberinde kompensasiýa tölemeli boldy.

Soňky döwürde Osipowa özüniň sud işi boýunça çykarylan hökümiň üstünden Smolenskidäki we Strasburgdaky sudlara şikaýat bilen ýüz tutdy.
XS
SM
MD
LG