Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler arzuw edýärler


Martin Lýuter Kiňiň Waşingtondaky ýadygarligi
Martin Lýuter Kiňiň Waşingtondaky ýadygarligi
Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň işgärleri Martin Lýuter Kiňiň «Meniň bir arzuwym bar» atly taryhy sözüniň 50 ýyllygyna gabat gepleşik berýän regionlarynyň aktiwsitlerinden öz ýurtlary bilen bagly arzuwlarynyň nämeden ybaratdygyny soradylar. Şol arzuwlaryň käbirini gysgaça okyjylara hödürleýäris.

66 ýaşyndaky Şirin Ýebadi tanymal aklawçy we hukuk aktiwisti. Ol 2003-nji ýylda Nobel parahatçylyk baýragyna mynasyp bolan ilkinji eýranly we musulman aýaly boldy. Ol 2009-njy ýylda Mahmud Ahmedinejadyň gaýtadan prezident saýlanmagyna getiren dawaly prezident saýlawyndan soň bosgunlykda ýaşaýar.

Eýranly aktiwsitiň arzuwy

Şirin Ebadi, Brýussel, metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 9-njy sentýabr, 2010.
Şirin Ebadi, Brýussel, metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 9-njy sentýabr, 2010.
"Meniň arzuwym ynsan ýüreginiň globallaşmagy... ýagny her bir adamyň beýleki bir ynsanyň çekýän jebir-jepasyny özüniňki ýaly duýup bilmegi. Söwdany we ykdysadyýeti globallaşdyrmagyň deregine ynsanperweligi globallaşdyryň!" Şirin Ebady Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Şirin Ebadi ýene şeýle arzuw edýär:

"Men serhetleriň adamzady bir-birinden aýyrman, gaýtta adamlary bir-birine birleşdirmegini arzuw edýärin. Men dinleriň adamlary bölmän we duşman etmän, duýgudaşlyga we ylalaşyga çagyrmagyny arzuw edýärin» diýip, Şirin Ebadi aýtdy.

Orsýetli aktiwistiň arzuwy

31 ýaşyndaky Dmitriý Makarow Orsýetde Ýaşlaryň adam hukuklary hereketine ýolbşaçylyk edýär we orsýetli aktiwistlere kanun kömegini berýär. Onuň alyp barýan işleri Orsýetiň kanunlaryndaky polisiýa we raýat gatnaşyklaryna özgeriş girizilmegine getirdi.
Dmitriý Makarow
Dmitriý Makarow

"Men aýratyn şasyýetiň bähbitleriniň, azatlyk, adalat gymmatlyklarynyň, mertebäniň islendik territoriýa, milli ýa döwlet bähbitlerinden has möhüm görülýän ýurdunda ýaşamak isleýärin. Meniň adam hukuklary barada eýerýän konsepsiýam bagtyýarlyk barada däl, eýsem durmuşyň iň bärki ölçegleri barasynda, adamlaryň mertbäni we azatlygy duýup bilmegi barada. Men adamlara şol iň bärki şertleriň döredilen ýurdunda ýaşamagy arzuw edýärin" diýip, Makarow aýtdy.

Gyrgyzystanly aktiwistiň arzuwy

Tolekan Ismailowa gyrgyzystanly raýat hukuklary aktiwisti, ol "Bir dünýä – Gyrgyzystan" (ozalky ady Koorupsiýa garşy raýatlar) atly jemgyýetçilik guramasyna başlyklyk edýär. Tolekan dürli döwürlerde öz alyp barýan işi üçin dürli ýanalmalary, gorkuzylmalary, urulmagy, tussag edilmegi başdan geçirdi. Ol 2010-njy ýylda gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda bolan etniki çaknyşyklar mahalynda günorta Gyrgyzystanda işledi we haýbat atylmalar sebäpli birnäçe hepdeläp ýurduny terk etdi.
Tolekan Ismailova, 21-nji sentýabr, 2009.
Tolekan Ismailova, 21-nji sentýabr, 2009.

"Biz, Martin Lýuter Kiňiň, Dalaý Lamanyň we beýlekileriň hereketlerinde görşümiz ýaly, raýat herketiniň güýjüni ulanyp, sistemany parahatçylykly çalşyrmagyň ýollaryny tapmaga çalyşdyk. Biziň ýaragsyz we zorluksyz özara düşünişip bilmegimiz üçin dialoglary ýola goýmagymyz gerek. Häkimiýetler özlerini raýatlardan akylly saýmaly däl, azatlyk, raýat jemgyýeti, adalat ýörelgelerini bozany üçin, biz awtoritar hökümetleri iki gezek agdardyk. Indi biziň parlament sistemamyz bar" diýip Tolekan Ismailowa aýtdy.

Şeýle-de ol öz ýurdunyň geljeginiň gowudygyna ynanýandygyny, sebäbi Gyrgyzystanda Martin Lýuter Kiňiň ruhundaky ýaşlaryň kändigini sözüne goşdy.

Türkmenistanly aktiwistiň arzuwy

70 ýaşyndaky Nurberdi Nurmämmet Türkmenistanda sowet döwründe «Agzybirlik» halk hereketini döredip, türkmen häkimiýetleriniň Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan etmegi ugrunda tagalla etdi. Biraz soň "Agzybirlik" syýasy partiýa öwrüldi, emma ol häkimiýetleriň gadagançylygy zerarly işläp bilmedi. Nurberdi Nurmämmet öz işi üçin ençeme gezek tussag edildi, türmä basyldy. Emma ol ýurtda öz pikirini aýdýan we öz işini dowam etdirýän, Azatlyk radiosynda açyk çykyş edýän az sanly adamlaryň biri.
Nurberdi Nurmämmet
Nurberdi Nurmämmet

"Türkmenistanda hususy ýer eýeçiligi ýok. Türkmenistanyň raýatlary hususy ýer edinmek ýaly tebigy hukuklaryndan mahrum, raýatyň ata-babasyndan miras galan mülk ýerem, ekin ekýän ýerem, hatda jaýlanan ýerem garaşsyzlyga çykylaly bäri özüniňki däl" diýip, Nurmämmet aýtdy.

"Döwlet şäher gurmak bahanasy bilen raýatyň jaýyny ýykyp, ony şol ýerleriň hemmesinden kompensasiýasyz çykarýar. Ýerinden gaz käni tapylan obalary ýat ýerlere göçürýär. Şu ýagdaý Nyýazowyň diktatorlyk režiminiň netijesi hem-de Berdimuhamedowyň şol režimi dowam etdirmeginiň daýanç nokady. Şu ýagdaý döwlet bilen raýatyň arasynda watan barada, özara borçlulyk barada netijesi döwlet gurluşynyň hem-de ýurduň abadançylygynyň peýdasyna bolmajak düşünişmezlik döredýär."

Nurberdi Nurmämmet türkmen halkyna şol düşünişmezligiň sebäplerinden dynmagy we öz ýurduna eýe bolmagy arzuw edýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG