Sepleriň elýeterliligi

BMG: Inspektorlara wagt berilmeli


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon BMG-niň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyna degişli maglumatlar esasynda derňew geçirýän inspektorlaryna “öz işlerini ýerine ýetirmek üçin wagtyň berilmelidigini” aýtdy.

Ban Ki-Moonyň çarşenbe güni Gaagada eden bu çykyşynyň öňüsyrasynda BMG-niň inspektorlary ýüzlerçe adamyň ölümine getiren himiki hüjümleriň bolandygy barada aýdylan ýerleriň birine sapar etdiler.

21-nji awgustda bolan şol hüjümler bilen baglylykda günbatar döwletleriniň harby çärelere girişmäge taýýarlyk görýändigini görkezýän alamatlar köpelýär. ABŞ we onuň käbir günbatarly ýaranlary şol hüjümlerde Siriýanyň prezidenti Başar Al-Assadyň režimini günäleýärler. Siriýanyň hökümeti bu aýyplamalary ret edýär.

Orsýet Siriýa harby taýdan goşulyşmak Ýakyn Gündogary “durnuksyzlandyryp biler”, diýip hasap edýär.

Eýranyň Baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi Siriýa goşulyşmagyň “region üçin betbagytçylyk” bolup biljegini belledi.
XS
SM
MD
LG