Sepleriň elýeterliligi

Kiňiň taryhy sözüniň 50 ýyllygy bellenýär


Amerikanlaryň müňlerçesi çarşenbe güni Waşingtonda Martin Lýuter Kiňiň “meniň arzuwym bar” diýen taryhy çykyşynyň 50-nji ýyldönümini belleýärler.

1963-nji ýylda edilen bu çykyşa Birleşen Ştatlarda raýat azatlyklarynyň berjaý edilmegi ugrunda öwrülişikli pursat hökmünde garalýar. Şonda asly afrikaly amerikan ruhanysy ýurtda jyns taýdan bolan deňsizlik barada öz garaýyşlaryny mälim edipdi.

Bu waka tutuş dünýäde aktiwistleriň birnäçe nesillerinde zorluksyz garşylyk görkezmäge yhlas döredipdi. Martin Lýuter Kiňiň bu çykyşy şonda ABŞ-nyň paýtagtynda jemlenen 250 000 adamyň gatnaşmagynda geçirilen ýörişiň netijesinde edilipdi.

Şu gün geçirilýän çäräniň guramaçylary onuň maksadynyň geçmişi ýatlamakdan we şu günki sosial deňsizlige ünsi çekmeden ybaratdygyny aýdýarlar. Waşingtonda geçýän bu çäräniň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň çykyş etjegi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG