Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Amerikan guramasy işini soňlaýar


Birleşen Ştatlarda ýerleşýän ýardam beriji gurama bäş işgäriniň öldürilmeginden soň Owganystanda alyp barýan işlerini wagtlaýyn togtatýandygyny yglan etdi.

Halkara halas ediji komitetiniň işgärleriniň “Talybanyň” söweşijileri tarapyndan öldürilendigi çak edilýär. Gurama özüniň owganystanly bäş işgäriniň, şeýle-de olaryň ýanynda bolan ýerli owgan resmisiniň ýekşenbe güni Hyrat welaýatynyň Gulran etrabynda zamun alynandygyny tassyklapdy.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bu heläkçilikli wakany ýazgardy. BMG-niň Owganystandaky edarasy bu waka uruş jenaýaty hökmünde garalmalydygyny aýtdy.

Owganystanyň prezidenti “adamlaryň öldürilmegi “Talybanyň” we onuň daşary ýurtly ýaranlarynyň Owganystanyň garaşly we garyp ýurt bolmagyna galmagyny” isleýändigini görkezýär, diýip belledi.
XS
SM
MD
LG