Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek aktiwisti uruldy


Özbegistanyň oppozisiýasynyň aktiwisti Fahritdin Tillaýew we onuň aýaly urulyp-ýenjildi. Bu wakanyň Tillaýewe bir aýaly zorlamakda edilen aýyplamalardan soň bolandygy aýdylýar.

42 ýaşly Tillaýew “Erk” partiýasynyň agzasy we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist.

Tillaýewiň çarşenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, geçen anna güni goňşysy onuň gapysyna kakypdyr, ol gapysyny açanda goňşy aýalyň ýalaňaç durandygyny görüpdir. Onuň sözlerine görä, goňşy aýal gapy açylan badyna Tillaýewiň ony zorlandygy barada gygyryp başlapdyr. Munuň yzýany üýşen adamlar Tillaýewi we onuň aýalyny urup başlapdyr.

Tillaýew özüne garşy resmi aýyplamalaryň bolmandygyny we bu waka bilen baglylykda özüniň polisiýa ýüz tutandygyny gürrüň berdi.

Ýakynda özbegistanly aktiwistleriň birnäçesine, şol sanda “Badamlik” oppozision hereketiniň 71 ýaşly lideri Hasan Çoriýewe we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist 61 ýaşly Bobomurod Razzakowa zorlamak aýyplamalary esasynda iş kesilipdi.
XS
SM
MD
LG