Sepleriň elýeterliligi

Ibragimbekow suda ýüzlenmekçi


Azerbaýjanyň oppozisiýasynyň prezidentlik saýlawlaryna teklip eden dalaşgäri ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň özüni hasaba almakdan ýüz öwürendigi üçin ony suda berjekdigini aýdýar. Rustam Ibragimbekow bu barada sişenbe güni agşam Moskwada eden çykyşynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw komissiýasy öz kararyny Ibragimbekowyň iki raýatlylygy we onuň Azerbeýjanda hemmişelik ýaşamaýandygy bilen delillendiripdir.

Moskwada ýaşaýan 74 ýaşly meşhur režissýor we “Oskar” baýragynyň eýesi Rustam Ibragimbekow Azerbaýjanyň birleşen oppozisiýasy tarapyndan şu aýyň başynda prezidentlige dalaşgär hökmünde teklip edilipdi.

Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň metbugat-sekretary Azer Sariýew Ibragimbekowy hasaba almazlyk barada gelnen kararyň ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda we Orsýetiň häkimiýetleri tarapyndan berilen resmi dokumentleriň esasynda kabul edilendigini aýtdy.

Geçen hepdede Azerbaýjanyň birleşen oppozisiýasy alternatiw dalaşgär hökmünde 61 ýaşly taryhçy we öňki deputat Jamil Gasanlyny öňe sürdi. Azerbeýjanda prezidentlik saýlawlary 9-njy oktýabrda geçiriler.
XS
SM
MD
LG