Sepleriň elýeterliligi

Ban: 'Inspektorlara wagt berilmeli'


Birleşen Milletler Guramasynyň ulag kerweninde BMG-niň inspektorlary himiki hüjüm edildi diýilýän territoriýalara gidip barýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň ulag kerweninde BMG-niň inspektorlary himiki hüjüm edildi diýilýän territoriýalara gidip barýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun Siriýada ulanyldy diýilýän himiki ýaraglaryň yzyny derňeýän BMG-niň ekspertlerine “öz işlerini ýerine ýetirmekleri üçin wagt berilmelidigini” aýtdy.

Ban Ki-Mun bu barada çarşenbe güni Gaagada eden çykyşynda şeýle diýdi: “Hüjümden birnäçe gün soň, ekspertler degerli maglumatlary ýygnadylar we wakada pida bolanlar we şaýatlar bilen duşuşdylar. Toparyň öz işini ýerine ýetirmegi üçin wagt gerek. Häzir “Parahatçylyk köşgünde”, parahatçylyk üçin mümkinçilik beriň diýesim gelýär. Urşy durzup, gepleşiklere başlamak üçin diplomatlara mümkinçilik beriň”.

Çarşenbe güni BMG-niň ekspertleri zäherli gazly hüjüm edildi diýilýän Damaskyň golaýyndaky ýerlere bardylar. Aktiwistleriň aýtmagyna görä, şol hüjümlerde ýüzlerçe adam ölüpdir.

Ikinji sapar baryşlary

Bu BMG-niň inspektorlarynyň Siriýada himiki hüjüm edildi diýilýän ýerlerden birine ikinji sapar barşy. BMG-niň inspektorlary derňewlere duşenbe güni başlapdy. Ýöne olar snaýperler, ýagny mergenler tarapyndan ýolda oka tutulansoňlar, derňewler bir gün gijikdi.

21-nji awgustda Siriýada edilen hüjümleriň yz ýany Günbatar ýurtlarynyň harby çärä girişmäge taýýarlyk görýändigi barada maglumatlar artýar.

Birleşen Ştatlar we onuň käbir günbatarly ýaranlary Siriýada amala aşyrylan şol hüjümlerde ýurduň prezidenti Başar al-Assadyň režimini aýypladylar.

Sişenbe güni ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Baýden Siriýanyň hökümetiniň himiki ýaraglary ulanandygyna “hiç hili şübhäniň ýokdugyny” we munuň üçin onuň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy.

“Prezident Obamanyň görkezmesi bilen, biziň hemmämiz we onuň Milli howpsuzlyk topary, daşary ýurtlardaky ýaranlarymyz bilen ýakyn aragatnaşykda bolýarys. Prezident we men goragsyz adamlara, zenanlara we çagalara garşy himiki ýaraglary ulananlaryň hökmany ýagdaýda jogapkärçilige çekilmelidigine ynanýarys” diýip, Baýden nygtady.

Aýyplamalary ret etdi

Orsýetiň we Hytaýyň goldawyna eýe bolan Siriýa hökümeti bolsa agzalýan bu aýyplamalary ret etdi.

Sişenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow BMG-niň Siriýa boýunça wekili Lahdar Barhimi bilen telefon arkaly eden söhbetdeşliginde Siriýa harby hüjüm edilse, munuň ýurdy we tutuş Ýakyn Gündogar regionyny durnuksyzlaşdyrjakdygyny aýtdy.

Çarşenbe güni Eýranyň ýokary ruhy lideri aýatolla Ali Hameneýi bolsa Siriýanyň işlerine goşulmagyň “regiona betbagtçylyk getirjekdigini” nygtady.

Şeýle-de çarşenbe güni “Al-Kaýda” bilen ilteşigi bardygy aýdylýan “Yrak yslam döwleti” we “Lewanta” atly toparlar amala aşyryldy diýilýän himiki hüjümlere jogap hökmünde Damask hökümetine garşy güýçli hüjüme geçjekdiklerini aýdyp, haýbat atdylar.
XS
SM
MD
LG