Sepleriň elýeterliligi

Siriýa goşun girizilmegine garalýar


Orsýetiň resmisi Siriýa goşun girizmegiň BMG-niň hartiýasy üçin “üsti ýaşyrylmadyk bir haýbat” bolup durýandygyny aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, bu barada Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilow çarşenbe güni Gaada BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moona aýdypdyr.

Orsýet BMG-niň inspektorlary Siriýada geçirýän derňewlerini tamamlaýança bolandygy aýdylýan himiki hüjümleriň jogapkärçiligi barada diskussiýa geçirmek entek ir, diýip hasap edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň Siriýada ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp bolan himiki hüjümleri Siriýanyň hökümetiniň amala aşyrandygy barada netijä gelendigini, emma bu ýurda goşun girizmek barada entek karar çykarmandygyny aýtdy.

Penşenbe güni Britaniýanyň parlamenti Siriýa garşy harby çäreler meselesini maslahat edýär.

Premýer-ministr Dewid Kameronyň çarşenbe güni aýtmagyna görä, BMG-niň inspektorlary Siriýadaky derňewlerini tamamlaýança Britaniýa harby çäreler boýunça karara gelmekçi däl.
XS
SM
MD
LG