Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa zarbasy düzgüne garşy diýýär


Gennadiý Gatilow
Gennadiý Gatilow
Uly derejeli ors resmisi Siriýa garşy harby interwensiýa edilmegi baradaky çagyryşlar BMG-niň Düzgünnamasyna görnetin ters gelýär diýýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilowyň bu sözleri çarşenbe güni Haagada BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-muna aýdandygyny aýdýar.

Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen maslahatynda Britaniýanyň teklip eden rezolýusiýa taslamasyna garşy çykdy. Bu taslama Siriýada edildi diýilýän uly möçberli himiki hüjümden soň Damaska garşy güýç ulanmaga ygtyýar berilmegi baradady.

Obama oýlanýar

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň hökümeti bu hüjümi amala aşyrdy diýen netije çykarandygyny, emma entek harby hereket barada belli bir karara gelmändigini aýtdy.

Obama çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň jemgyýetçilik telewideniýesi bilen söhbetdeşlikde özüniň entek 21-nji awgustda Damaskyň eteklerinde bolan hüjüm üçin Siriýany jezalandyrmagy oýlanyp-ölçerýändigini aýtdy. Aktiwistler bu hüjümde ýüzlerçe adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

"Eger-de biz hakykatdanam himiki ýaraglary ulanmagyň jogabynyň bolmagyny saýlap alsak, onda özüni goramak üçin raýat urşuna ulaşan Assad režimi gaýdyp beýle zady etmeli däldigi barada berk gaýtawul almalydyr."

Obama Birleşen Ştatlaryň mümkin bolan islendik harby çäresiniň çäklendirilen bir görnüşde boljagyny hem belläp geçdi.

Britan parlamenti maslahatlaşýar

Britaniýanyň parlamenti penşenbe güni adatdan daşary bir sessiýa geçirip, Siriýa garşy harby çäräni goldamalymy ýa däl diýen meseläni ara alap maslahatlaşar.

Hytaý bu meselede sabyrlylyga çagyrdy. Daşary işler ministri Waň Ýi penşenbe güni harby interwensiýa BMG-niň Düzgünnamasynyň prisiplerine garşy gelýär we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy mundan beýläk hem durnuksyzlaşdyrar diýdi. Onuň bu sözleri metbugatda sitirlendi.

Şeýle-de Waň BMG-niň inspektorlarynyň bu diýilýän himiki hüjüm babatda geçiren derňewiniň netijelerine öňünden kesgitleme berilmezligi barada duýduryş etdi.

BMG-niň ýarag inspektorlary Damaskyň çetinde geçen hepde edildi diýilýän himiki ýarag hüjüminiň amala aşyrylan ýerinde penşenbe güni hem derňew geçirýär.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun penşenbe güni BMG-niň ýarag inspektorlarynyň Siriýany şenbe güni irden terk etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG