Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Harby baza hüjüm edildi


Owganystanyň günbatarynda ýerleşýän harby baza edilen hüjümde ýedi adam öldürilipdir we onlarça adam ýaralanypdyr. “Talyban” hereketi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Talybanyň söweşijileri Gazni welaýatynda ýerleşýän bu harby bazanyň iki çetinde goýlan içi bombaly maşynlary partladypdyrlar we yzýany bazanyň içindäki owganystanly we polşaly goşunlar bilen alty sagatlap ok atyşyp baza hüjüm edipdirler.

Gazni welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň maglumatyna görä, bu hüjümiň netijesinde dört polisiýa işgäri we üç sany raýat wepat bolupdyr, şeýle-de polşaly 10 harby we Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerinden hem raýatlaryndan jemi 52 adam ýaralanypdyr.

Farah welaýatynda “Talyban” tarapyndan atylandygy aýdylýan raketa BMG-niň ýangyç daşaýan ulaglaryna zarba urup, azyndan dört sany maşyn sürüjiniň heläk bolmagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG