Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Eýrandan amerikanlary boşatmagy soraýar


Waşington ýene-de Tährana ýüzlenip, uzak wagtlap Eýranda tussaglykda saklanýan amerikanlaryň öz maşgala ojaklaryna dolanmagyna we ýurtda ýitirim bolan bir amerikalyny tapmaga ýardam sorady.

Döwlet Departamentiniň çarşenbe güni ýaýradan beýannamasynda aýdylyşyna görä, Waşington Eýranyň täze prezidenti Hasan Rohanä “hormat” bilen ýüzlenýär we ozalkysyndan has aram, diýip hasap edilýän prezidentden ýardam soraýar.

Analitikler ABŞ-nyň Eýranyň öňki prezidenti Mahmud Ahmadinejada eden ozalky ýüzlenmeleriniň has berk talaply bolandygyny aýdýarlar.

Amerikaly Robert Lewinsoň Eýranyň Kiş adasyndan 2007-nji mart aýynda ýitirim bolupdy.

Döwlet Departamentiň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň öňki harbysy Amir Hekmati 2011-nji ýylda Eýranda tussag bolupdy. Waşington onuň içalyçylyk bilen bagly galp aýyplamalaryň esasynda tussag edilendigini aýdýar. Said Abedini 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda dini ynançlary bilen baglylykda tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG