Sepleriň elýeterliligi

“Hindi Mujahidiniň" lideri tussag edildi


Hindistanyň polisiýasy “Hindi Mujahidin” toparynyň esaslandyryjylarynyň birini tussag etdi. Gadagan edilen bu topar Bombeýde, Nýu-Delide, Bangalorda we ýene birnäçe şäherlerde bolan heläkçilikli bomba partlamalaryna günäkär, diýilip hasap edilýär.

Hindistanyň Içeri işler ministrliginiň penşenbe güni aýtmagyna görä, Ýasin Bhatkal çarşenbe güni Hindistanyň demirgazygynda tussag edilipdir. “Hindi Mujahidin” toparynyň Ahtar ady bilen tanalýan ýene bir agzasynyň-da ele salynandygy barada habar berilýär.

Bhatkal we onuň ýene üç ýarany 2011-nji ýylyň 13-nji iýulynda Bombeýde amala aşyrylan we 27 adamyň ölümine sebäp bolan üç sany partlamanyň guramaçylygynda aýyplanýar.

Hindistanyň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň hökümetleri “Hindi Mujahidin” guramasyny terrorçy topar diýip, hasap edýärler.

ABŞ-nyň Döwlet Departamenti bu guramanyň Günorta Aziýada yslam halifatyny döretmek maksatlara eýerýändigini aýdýar. Bu guramanyň Pakistanda ýerleşýän “Laşkar-e Taiba” söweşjeň topary bilen gatnaşykda bolmagy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG