Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syýasy partiýalar: Hakykatda näme bolýar?


Parlament agzalary prezident tarapyndan geçirilýän maslahatda, Aşgabat, 20-nji ýanwar, 2011.
Parlament agzalary prezident tarapyndan geçirilýän maslahatda, Aşgabat, 20-nji ýanwar, 2011.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda köppartiýalylyk şertleriniň döredilendigini, raýatlaryň öz syýasy hukuklaryna eýe bolmagy, syýasy partiýalary döretmegi üçin ähli mümkinçiligiň bardygyny aýdýarlar.

Türkmen metbugaty prezident G.Berdimuhamedowyň golaýda ýurduň dolandyryjy partiýasyna agzalygyny togtatmagynyň, Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyny öz üstünden aýyrmagynyň daşary ýurt metbugatynda hem uly gyzyklanma bilen habar berlendigini ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, prezident bu kararyny ýurtdaky ähli syýasy toparlara deň mümkinçilik döretmek niýeti bilen düşündirdi hem-de hökümetde uly wezipe eýeleýän ýolbaşçylaryň ol ýa-da beýleki partiýada durmak meselesinde oýlanmalydygyny ýaňzytdy.

Käbir synçylar bu täzeligi ýurtda uzak wagt saklanan birpartiýalylyk sistemasyndan köppartiýalylyk sistemasyna geçmegiň oňyn bir alamaty, belki-de has çynyrgap başlamagy hökmüňde häsiýetlendirýär.

Olaryň pikirine görä, syýasy partiýalar hakyndaky kanunyň kabul edilmegi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi, soňky waka bu ugurda nähilidir bir janlanma hereketiniň alamatlary bolup görünýär.

Eger syýasy taýdan aktiw raýatlar ýeterlik tagalla etseler, adamlar gorkudan çyksa, bu ýumşama ýurtda syýasy işjeňligiň ýaýbaňlanmagyna getirip biler diýen pikiri öňe sürýänler hem bar.

Emma bu pikir bilen ylalaşmaýanlar hem bar. Olar ýurtda ykdysady azatlyk çäkli, kanuny esasda eklenmek, baýamak, öz işiňi açmak mümkinçilikleri az we köp zat döwletiň elinde diýýärler.

Munuň üstesine, başga pikirli, tankydy garaýyşly adamlaryň işden kowlan, türmelere, ruhy hassahana basylan we metbugatda näletlenen günleri entek hiç kimiň ýadyndan çykanok, adamlar iş ýüzünde üýtgän zat görmeýärler diýýänler-de bar.

Eýsem Türkmenistanda syýasy azatlyk şertleri giňeýärmi ýa-da ýagdaýlar öňküligine galýar?

Bu baradaky söhbete Aşgabatdan ýerli synçylar, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet, publisist Amanmyrat Bugaýew, Şwesiýadan ýazyjy Akmuhammet Welsapar gatnaşýar.

Söhbeti diňläp, pikirleriňizi aýtmagyňyza garaşýarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG