Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: ABŞ koalisiýa döretmekçi bolýar


ABŞ-nyň Goranmak sekretary Çak Hagel ABŞ-nyň Siriýanyň režimine garşy bolup biljek harby çäreler üçin halkara koalisiýasyny döretmek mümkinçiliginiň gözlegindedigini aýtdy.

Britaniýanyň parlamenti Siriýa garşy çärelere goşulmakdan boýun gaçyrdy.

Anna güni Manilada geçiren metbugat-konferensiýasynda Hagel ABŞ-nyň öz ýaranlary bilen geçen hepdede Damaskyň golaýynda bolanlygy aýdylýan himiki hüjümlere jogap bermek üçin mümkinçilikleri maslahat edendigini habar berdi.

Penşenbe güni Londonda geçirilen ses berişlikden soň Ak Tam Britaniýa gatnaşmasa-da, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýanyň režimine garşy zarba urulmagynyň mümkindigini mälim etdi.

Ak Tamyň beýannamasynda Barak Obamanyň kararlary “ABŞ-nyň iň uly bähbitlerinden ugur alar”, diýip bellenýär.

Waşington 21-nji awgustda bolan we ýüzlerçe adamyň ölümine getiren hüjümleri amala aşyrmakda Siriýanyň hökümet güýçlerini aýyplady.

Siriýanyň hökümeti şeýle aýyplamalary ret edýär we özüne garşy ediljek “islendik agressiýadan özüni gorajakdygyny” aýdýar.
XS
SM
MD
LG