Sepleriň elýeterliligi

Putin suw alan regionlara sapar edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýurduň suw alan Uzak Gündogar regionlaryna sapary dowam etdirilýär. Ol anna güni Habarowsk şäherinden gaýdyp Jewreý awtonomiýa regionynyň paýtagty Birobidžana bardy.

Bu regionlarda dowam edýän suw joşguny Orsýetde soňky 120 ýylyň dowamynda suwuň joşmagy bilen bagly bolan iň güýçli tebigy betbagtçylyk, diýilip hasap edilýär.

Birobidžan, Amur, Habarowk we Ýakutiýa regionlaryndan müňlerçe adam ewakuasiýa edildi. Suw joşguny 100 000-e golaý adama ýaramaz täsirini ýetirdi, 9 500 müň jaýy ýumurdy.

Habarowskda Amur derýasynda suwuň derejesi anna güni täze rekorda ýagny 773 santimetre ýetdi. Bu ýerde suwuň derejesiniň 780 santimetre ýetmegi çak edilýär. Resmiler Orsýetde suw joşgunynyň ýene bir aýlap dowam edip biljekdigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG