Sepleriň elýeterliligi

Assadyň ýaranlary Siriýa çäresini oýlanýarlar


Orsýetiň we Eýranyň baýdaklary

Orsýetiň we Eýranyň baýdaklary

ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýa harby interwensiýanyň amala aşyrylmak ähtimallygy ula ýazýar. Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň iki esasy ýarany – Eýran we Orsýet – bu ýagdaýda mümkin bolan jogap çärelerini oýlap-biçýärler.

Siriýa ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda harby interwensiýa edilmegi Waşingtony Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň iki sany üýtgewsiz ýarany – Eýran we Orsýet bilen kesgin gapma-garşylyk ýagdaýynda goýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Siriýa babatda etjek hereketini oýlap-biçýän wagtynda terezä goýmaly zatlarynyň esasy bölegi Tähran bilen Moskwanyň nähili hereket etjegi bolup durýar.

Tähran bilen Moskwanyň jogaby

Analitikler bu ýurtlaryň hiç biri Assad üçin göni harby goldaw bilen jogap berjege meňzmeýär diýen pikire gol ýapýan hem bolsalar, olar Tähran bilen Moskwanyň yzda gol gowşuryp oturmagyna hem garaşmaýarlar. Eýranyň Yslamçy rewolýusion gwardiýa korpusy Assada garşy hüjüm «gyzyl çyzykdan geçmek» we jogap berilmegine getirer diýdi, emma munuň nähili jogap bolup biljegini aýtmady.

Eýranyň şu wagta çenli beren jogaby ýumşak boldy, ýagny Tähran himiki ýaragyň ulanylmagyny hem, daşary ýurt harby interwensiýasy baradaky haýbatlary hem ýazgaryp çykyş etdi.

Wil Fulton Waşingtondaky Telekeçilik institutynda Eýran boýunça analist. Ol Yslamçy rewolýusion gwardiýa korpusy Birleşen Ştatlar bilen göni gapma-garşylyga het etjege meňzemeýär, emma Liwandaky Hizbolla, Yrakdaky şaýy milisiýasy ýaly nökerleriniň üsti bilen hereket edip biler diýdi.

"Ysraýylyň we Günbataryň dildüwşigi"

Fulton Tähranyň ýurt içinde we regionda Birleşen Ştatlara garşy reaksiýalardan peýdalanmaga çalyşjagyny hem sözüne goşdy:

"Meniň pikirimçe, biz YRGK-den we berk liniýaly resmilerden has köp ýazgarmalar, duýduryşlar eşideris. Onsoň bu, elbetde, aýratynam YRGK-nyň hekaýatyna, ýagny Siriýadaky konflikt Ysraýylyň we Günbataryň dildüwşigi diýilýäne bir tutaryk, ýapyşalga bolar. Netijede olar bu hüjümi öz hekaýatlary üçin ýangyç, delil edip ulanarlar, ol adam toplamagyň bir guralyna öwrüler. Onsoňam bu hekaýat olaryň özleriniň Siriýa daşary ýurtdan gatyşmasynyň bir goragy bolar."

Eýranyň Yslamçy rewolýusion gwardiýasynyň agzalary

Eýranyň Yslamçy rewolýusion gwardiýasynyň agzalary

Dina Esfandiýary, Londondaky Halkara Strategiki barlaglar institutunyň ylmy barlagçysy bolsa, Tähranyň Siriýadaky roluny çäklendirmegi saýlap almagyna bil baglaýar. Ol munuň bir sebäbini Eýranyň özüniň 1980-nji ýyllarda Yrak bilen uruşýan mahalynda himiki ýaraglaryň pidasy bolmagy bilen düşündirýär.

"Eger-de ABŞ we onuň ýaranlary özleriniň howa zarbalaryny çäklendirip, diňe Siriýadaky birnäçe nyşanany nyşana alsalar, meniň pikirimçe, Eýranyň reaksiýa bildirmegi ahmal, emma olar öz reaksiýalarynyň gerimini hakykatdanam çäklendirerler. Sebäbi olar, ýurt hökmünde, özleri hem himiki ýaragyň jebrini çekdiler. Olar üçin himiki ýaragyň ulanmalmagyna garşy bir herekete geçmek örän kyn."

ABŞ-Eýran gatnaşyklary

Eger Siriýa harby zarba urulsa, Eýranyň iýul aýynda geçen prezident saýlawlarynda Hasan Rohaniniň prezident saýlanmagy netijesinde, Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmak ähtimallygy barada dörän umyt hem gowşar.

Günbatar bilen gatnaşyklary gowulandyrmagy wada beren Rohani muňa derek uzak wagtlyk ýaran bolan Orsýete tarap has köp ýykgyn edip biler.

Şu hepde (28-nji awgustda), Eýranyň inisitiwasy bilen geçirilen telefon gürrüňinde, prezident Rohani orsýetli kärdeşi Wladimir Putin bilen Siriýa krizisi barada maslahat etdi.

Kremliň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, iki prezident islendik tarapdan himiki ýaragyň ulanylmagyny ýazgardy we krizisiň parahatçylykly, diňe syýasy we diplomatiki ýollar arkaly çözülmegine çagyrdy.

Andrýu Kuçins, Waşingtondaky Strategiki halkara barlaglary merkeziniň Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň direktory, Eýran bilen Orsýetiň öz bilelikdäki ýaranlaryny goramak üçin ýakyndan işleşjegine garaşyp bolar diýýär.

"Orsýetlileriň we eýranlylaryň özleriniň Siriýa babatdaky goldawlaryny näderejede utgaşdyrýandygy aýdyň däl. Emma Siriýa zarba urulmagy olary gutulgusyz, Assadyň hökümetiniň ýykylmazlygy üçin, bir-birine has golaý durmaga iteklär" diýip, Andrýu Kuçins Azatlyk we Aazat Ýewropa radiosyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG