Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-Belarus: Ete gadagançylyk


Orsýet Belarusdan janly doňuzlaryň we doňuz etiniň importyny wagtlaýyn gadagan etdi.

Orsýetiň resmileriniň anna güni aýtmaklaryna görä, gyssagly girizilen bu gadagançylyga Belarusda doňuzlaryň afrikan mergisiniň tapylmagy sebäp bolupdyr.

Penşengbe güni Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki “Transneft” kompaniýasy Belarusa eksport edýän nebitiniň 20 prosentini azaldýandygyny yglan edipdi.

Şol günüň özünde-de Orsýetiň sanitariýa gullygy Belarusdan getirilýän süýt önümleriniň sanitariýa derejesine aladalanma bildiripdi.

Bu beýannamalar Minskde Orsýetiň kaliý öndürýän “Uralkaliý” kompaniýasynyň baş müdiri Wladislaw Baumgertneryň tussag edilmeginiň yzýany Moskwa bilen Minskiň arasynda dörän dartgynlylyga gabat geldi.

Belarus häkimiýetleri Baumgertnery häkimiýetinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýypladylar. Baumgertner öň Orsýetiň we Belarusyň bilelikdäki kaliý öndüriji kompaniýasyna ýolbaşçylyk edipdi. “Uralkaliý” şirketiniň şol kompaniýanyň düzüminden çykarylmagy kaliý önümleriniň bahasynyň peselmegine getiripdi, bu bolsa Belarusyň ykdysadyýetine erbet täsir ýetirýär.
XS
SM
MD
LG