Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Ýaş aktiwist tussag edildi


Belarusyň hasaba alynmadyk “Ýaşlar fronty” atly syýasy hereketiniň başlygynyň orunbasary Mikola Dzemidzenka 12 günlük türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň polisiýanyň buýruklaryna boýun bolmanlygynyň tussaglygyna sebäp bolandygy habar berilýär.

Dzemidzenkanyň aýalygynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň anna güni aýtmagyna görä, onuň adamsy penşenbe güni agşam tussag edilipdir. Dzemidzenka “Ýaşlar frontunyň” ýakynda tussaglykdan boşadylan lideri Zmitser Daşkewiçiň metbugat konferensiýasyna barýarka polisiýa tarapyndan saklanypdyr.

Daşkewiç üç ýyllap Belarusyň Hrodna şäherinde türmede saklanyp, şu hepdäniň çarşenbe güni boşadylypdy.

Daşkewiç “ Ýaşlar Frontunyň” aktiwisti Eduard Lobau bilen bilelikde 2010-njy ýylyň gapma-garşylykly prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda iki adama hüjüm etmekde günälenip, 2011-nji ýylyň mart aýynda türme tussaglygyna höküm edilipdi. Lobau dört ýyl iş kesilipdi. Aktiwistleriň ikisi-de şonda özlerine garşy gozgalan işleriň galpdygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG