Sepleriň elýeterliligi

Tajigistan: Saýlaw güni kesgitlendi


Tajigistanyň parlamenti ýurduň prezidentlik saýlawlarynyň geçiriljek gününi belläp, onuň 6-njy noýabrda bolmagyny karar etdi. Anna günki bu karar milli parlamentiň ýokarky we aşaky öýleriniň bilelikde geçirilen maslahatynda ýurduň bäş syýasy partiýalarynyň ähli agzalary tarapyndan biragyzdan goldanypdyr.

Täjigistanda boljak prezidentlik saýlawlaryna ýurduň prezidenti Imomali Rahmonyň dördünji sapar gatnaşmagyna garaşylýar. Ol 2006-njy ýylyň noýabrynda bolan ozalky saýlawlarda resmi taýdan 79 prosent, diýilip yglan edilen resmi netijeler esasynda ýeňiş gazanypdy.

1992-nji ýylda Täjigistanyň döwlet baştutany bolan Rahmon 1994-nji ýyldan bäri ýurduň prezidenti bolup durýar. 2003-nji ýylda Täjigistanda referendum geçirildi we Rahmona 2006-njy ýylyň saýlawlarynda we şu ýylyň saýlawlarynda prezidentlige dalaş etmäge mümkinçilik döredildi.

Rahmon Täjigistanyň häkimiýet başyndaky “Demokratik partiýasyna” baştutanlyk edýär. Rahmon şu ýylky saýlawlaryň azat we aýdyň boljakdygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG