Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içi boş owadan binalar: Sebäp näme?


Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" şaýolynyň ugry
Aşgabadyň "10 ýyl abadançylyk" şaýolynyň ugry
Tekiz asfaltlanan, iki gyrasy çyralar bilen bezelen owadan köçeler, suw çüwdürimli, bag-bakjaly seýilgähler, döwrebap söwda merkezleri, sport zallary, Aşgabadyň simwolyna öwrülen köpgatly daşy ak mermerli ýaşaýyş jaýlary.

Görene ”meniňki bolaýsa” diýdirjek bu jaýlar Aşgabadyň ”10 ýyl abadançylyk” prospektiniň Atatürk köçesi bilen kesişýän ýerinden günbatara uzap gidýän böleginde ýerleşýär. Ýurduň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýän graždanlara niýetlenilip gurlan bu jaýlar 2012-nji ýylda ulanmaga berildi.

”10 ýyl abadançylyk” prospektiniň ugrunda ýerleşýän bu 18 sany köpgatly jaýlar ”10 ýyl abadançylyk” prospektiniň Atatürk köçesi bilen kesişýän ýerinden tä onuň ahyryna çenli uzap gidýän raýony öz içine alýar. Şol binalaryň hersi 12 gatdan ybarat, olaryň hersinde 100-den gowrak kwartira bolup, olar 3-4 otaglardan ybarat. Garaz, diňe şu jaýlar 1700 sany maşgalany jaý bilen üpjün etmäge niýetlenen.

Gum-guklyk

Emma köçäniň bir gapdalynda durup, beýleki gapdalyna seredeniňde, köçede, köçäniň ugrunda ýerleşýän parklarda aýlanyp ýören ýa şol jaýlara girip-çykýan adamlara gaty seýrek gözüň düşýär. Bu gum-gukluga şol raýonda gurlan dükanlarda we beýleki binalarda hem duş gelse bolýar.

Onuň iň janly mysaly bolsa şol raýonda ýerleşýän Çandybil söwda merkezi. Üç gatly bu binada onlarça dükanlar we söwda nokatlary, naharhana, güýmenje merkezi hökmünde ulanylyp bilinjek otaglar gurlupdyr. Emma olaryň köpüsi boş. Boşlugynyň sebäbi hem alyjylaryň ýokdugy.

“Bazar açylany bäri [diňe] bir gezek munda örän köp satyjy we alyjy bolupdy, ol-da bir ýyl mundan ozal sentýabr aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy şu söwda merkezinde geçirilende bolupdy” diýip, Çandybil söwda merkezindäki dükanlaryň biriniň satyjysy aýtdy.

Alyjy bolmansoň, satyjy hem ýok

Dükandarlaryň az bolmagynyň ýene bir sebäbi hem dükanlaryň her aý tölemeli arendasynyň örän ýokary bolmagy. “Bu bazardaky iň arzan dükan üçin aýda 1000 dollar arenda tölemeli. Men dükanym üçin her aý 2 ýarym müň dollar töleýärin” diýip, Çandybiliň sanlyja satyjylarynyň biri, özüni Rahman diýip tanadan ildeşimiz gürrüň berdi.

Arenda töleginiň ýokary bolmagy bolsa bu söwda merkezine geläýmegi mümkin alyjylary hem gorkuzýar. “Sebäbi tölenýän arenda göni harytlaryň nyrhyna öz täsirini ýetirýär” diýip, Rahman sözüni jemledi.

Boş duran onlarça binalar

Bu ýagdaý diňe 10 ýyl abadançylyk prospektiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlaryna we şol raýonda ýerleşýän desgalara mahsus däl, paýtagtyň Bitaraplyk prospektiniň Atamyrat Nyýazow prospekti bilen kesişýän ýerinden tä Bitaraplyk binasyna çenli uzap gidýän böleginde hem onlarça boş duran dükanlary we supermarketleri görmek mümkin.

Köçäniň ugrundaky dükanlaryň atlaryndan çen tutulsa, bu prospektiň ugrundaky dükanlardan awtoulagdan başlap, tä iň ownuk harytlara çenli ähli önümleri tapsa bolaýjak ýaly, emma hakykatda bolsa şol dükanlaryň köpüsi boş ýa-da olaryň içinde bir-iki sany söwda nokady işleýär.

Işleýän dükanlaryň köpüsi-de, esasan, azyk önümlerini satýar. Bu köçäniň ugrunda ýerleşen bir dükanyň satyjysy Ýazgeldiniň aýtmagyna görä, bu raýonda hem söwda o diýen gowy gidenok.

“Arenda tölegi ýokary bolansoň, harytlaryň bahasyny ýokary goýmaly bolýar. Şonuň üçin söwda-da gowy gidenok” diýip, Ýazgeldi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Edil häzirki döwürde ”10 ýyl abadançylyk” prospektiniň ugrunda ýerleşýän täze jaýlar we onuň töweregindäki desgalar, Bitaraplyk prospektindäki boş dükanlar, soňky döwürlerde gurlup öz müşderilerine garaşýan desgalardan diňe käbirleri.
XS
SM
MD
LG