Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda kadrlar çalşyldy


Türkmenistanyň anna güni güni geçirilen hökümet maslahatynda käbir kadrlary çalyşmak baradaky karara gelindi.

Türkmen metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhumedowyň bu ugurda degişli kararlara gol çekendigini habar berýär.

Netijede, ýurduň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine Meret Hezretgulyýewiç Aşyrbaýew bellendi. Bu uniwersitetiň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine Esenmyrat Atajanowiç Garryýew, ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bolsa Hajymyhummet Aşyrowiç Geldiýew bellendi.

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başylygynyň orunbsary wezipesine Şatlyk Orazgeldiýewiç Hümmedow bellenip, ozalky orunbasar Ýazdurdy Baýramow «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» telekanalynyň direktory wezipesine ozal şu döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Resul Hemraýewiç Çaryýew bellendi.
XS
SM
MD
LG