Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Amerikadan subutnama soraýar


Wladimir Putin
Wladimir Putin
BMG-niň Damaskyň çetinde edildi diýilýän himiki ýarag hüjüminiň yzyny derňeýän inspektorlary Siriýadan çykyp, Liwana geldiler.

Inspektorlar anna güni subutnama toplamak işini tamamladylar we olaryň indi tapylan delil-tutaryklary Ýewropada barlagdan geçirmegine garaşylýar.

Inspektorlar ol ýeri Birleşen Ştatlaryň Ortaýer deňziniň günortasynda ýerleşdirilen we raketalar bilen ýaraglanan harby gämileriniň, diýilýän himiki hüjüm sebäpli, ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Siriýanyň hökümetine garşy mümkin bolan harby çäräni görmäge taýýarlanýan wagtynda terk etdiler.

ABŞ-nyň maglumat-aňtaw hasabatynda amerikan resmileriniň 21-nji awgustda amala aşyrylan himiki hüjümi Siriýanyň režiminiň edendigine «ynamy ýokary» diýilýär. Şeýle-de hasabatda bu hüjüm netijesinde 1429 adamyň ölendigi aýdylýar.

Siriýa ret edýär

Siriýanyň hökümeti bu hasabaty «ýalan zatlar» hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.

Prezident Barak Obama anna güni entek özüniň hüjüm barada soňky karara gelmändigini aýtdy.

Emma Obama Waşingtonyň «çäklendirilen, gysga» harby operasiýa geçirip, himiki ýaraglaryň ulanylmaly däldigi barada duýduryş bermegiň pikirini edýändigini aýtdy.
Prezident Barak Obama, 30-njy awgust, 2013.
Prezident Barak Obama, 30-njy awgust, 2013.

"Dünýä biziň himiki ýaraglaryň ulanylmagyna garşy düzgüni berk tutýandygymyza göz ýetirmeli. Häzir men bu düzgüniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge ýardam berjek dürli hereketler boýunça soňky karara gelemok."

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesiniň diktory Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerrini pitneçi güýçleri öňe sürmek üçin «ýalan zatlary» gaýtalamakda aýyplady.

Siriýanyň hökümeti özüniň himiki ýarag hüžümine dahylynyň bardygyny ret edip, bu işde pitneçi güýçleri aýyplady we olaryň muny Günbatar interwensiýasyny çekmek we söweş meýdanynda ýitiren sepgitlerini yzyna almak üçin edýändiklerini aýtdy.

Orsýet garaşmaga çagyrýar

Başga bir tarapdan, Orsýetiň Daşary işler ministrligi hem ABŞ-nyň harby zarba urmak baradaky haýbatlaryny ýazgaryp, olary «kabul ederliksiz» diýip atlandyrdy.

Orsýet Siriýanyň hökümetiniň uzak wagtlyk ýarany we bu ýurdy ýarag bilen üpjün edip gelýär. Moskwa BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde hem Siriýa harby zarba urulmagyna ygtyýar almak baradaky rezolýusiýa boýunça ylalaşyk gazanylmagyna päsgel berdi.

Orsýetiň beýanatynda Waşington BMG-niň diýilýän himiki hüjüm barada geçiren derňewiniň netijeleri belli bolýança garaşmaga çagyrylýar.

BMG-niň ekspertleri bu hüjümiň bolan ýerinden delil, subutnama toplamak işlerini tamamladylar, emma olaryň toplan materiallaryny analizlemeginiň näçe wagt aljagy belli däl.

Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýasynyň bolmazlygy ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby operasiýany goldajagyny açyk aýdýan ýurtlaryň sanyny çäklendirdi.

Fransiýa goldaýar

Diňe Fransiýa özüniň ABŞ-nyň hüjümine goşulmaga taýýardygyny açyk aýtdy. Britaniýa bolsa, kanun çykaryjylar penşenbe güni bu meselede garşy ses berenlerinden soň, özüniň goşulmajagyny aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan bolsa, islendik halkara harby interwensiýasy Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň dolandyryşyny soňlamaga gönükdirilmeli diýdi.

Premýer-minsitr Rejep Taýyp Erdogan
Premýer-minsitr Rejep Taýyp Erdogan
Erdogan islendik harby çäräniň maksady gandöküşikligi togtadyp, režimi soňuna çenli ysgyndan gaçyrmak bolmaly diýdi.

Ol bir ýa iki günlük operasiýanyň ýeterlik bolmajagyny aýtdy. Erdogan 1999-njy ýylyň Kosowa urşunda NATO-nyň Serbiýa garşy operasiýasyny mysal getirdi. Ol uruş ahyrynda Belgradda hökümetiň çalyşmagyna getiripdi.

Putin subutnama talap edýär

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bolsa şu gün, 31-nji awgustda Wladiwastoga sapary mahalynda şeýle diýdi:

"Sagdyn pikir öz-özüni düşündirýär. Siriýanyň hökümet güýçleri hüjüm edýärler, käbir regionlarda olar gozgalaňçylaryň daşyny gabadylar. Şu hili ýagdaýda hemişe daşardan harby gatyşma çagyrýanlara eliňdäki tuzy bermek akyla sygjak zat däl. Bu hiç bir logika gabat gelmeýär. Onda-da BMG-niň gözegçileriniň gelen wagtynda. Şu sebäpden men munuň beýleki ýurtlary Siriýadaky konflikte çekmek isleýänleriň, kuwwatly halkara oýunçylarynyň, ilkinji nobatda-da Birleşen Ştatlaryň goldawyny gazanmak isleýänleriň prowokasiýasydygyna ynanýaryn."

Prezident Putin sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýdi:

"Biziň amerikan kärdeşlerimiziň we dostlarymyzyň Siriýanyň goşunlarynyň köpçülikleýin gyrgyn ýaraglaryny, himiki ýaraglary ulanandygyny tassyklaýan pozisiýasy barada aýdylanda bolsa, goý, olar özlerinde bar diýýän subutnamalaryny BMG-niň inspektorlaryna we Howpsuzlyk geňeşine görkezsinler."
XS
SM
MD
LG