Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: "Bizde aýallar 119 ýyl öňem tigir sürýärdi"


Prezident Berdimuhamedow welosiped gezelenjinde

Prezident Berdimuhamedow welosiped gezelenjinde

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedow täze kitabyny tamamlady we türkmenistanly aýallaryň 120 ýyl ozal hem tigir ýaryşyna gatnaşandyklaryny aýtdy.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow golaýda gysga wagtlyk dynç alyşda bolanda täze kitabyny tatamlapdyr we bu kitap eýýäm çapdan çykypdyr.

Perzident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 5-nji tomuny ýazyp gutarandygyny aýtdy.

Ol hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň ýurtda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly geçirilýän dabaralara gatnaşyp, okuw jaýlaryna özüniň täze tamamlan kitabyny sowgat bermeklerini tabşyrdy.

Şeýle-de Berdimuhamedow güýz paslynyň ilkinji güni köp sanly türkmenistanlynyň ekologiýa taýdan arassa ulag bolan welosipedli ýörişe gatnaşjakdygyna ünsi çekdi.

Ol welosipedçileriň ilkinji jemgyýetiniň Aşgabatda 1894-nji ýylyň 5-nji aprelinde, 120 ýyla golaý ozal döredilendigini aýtdy. Prezidentiň tassyklamagyna görä, bu jemgyýet döredileninden bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşynyň hem geçirilendigini, şondan hem Türkmenistanda welosided ýaryşlarynyn başynyň başlanandygyny habar berdi.

Berdimuhamedow: «Şol geçirilen ýaryşda ähli wedosipedçileriň ýarysynyň zenanlar bolandygyny hem men şu taýda buýsanç bilen belläsim gelýär» diýdi.

Türkmen prezidenti bu fakty Türkmenistanda adamlaryň welosiped sporty, tigir sürmek bilen köp wagtdan bäri meşgullanýandyklaryna delil hökmünde ýatlady.

Mälim bolşy ýaly, G.Berdimuhamedow ýurtda welosipedçiligi täzeden ornaşdyrmagyň we ösdürmegiň inisiatory bolup çykyş edýär.

Emma käbir tankytçylar, hususan-da ýerli synçylar Türkmenistanyň howa şertleriniň tigir sürmek üçin, bu ugurda ýaryş geçirmek üçin o diýen ýaramly däldigini aýdýarlar.

Şeýle-de ýurduň ýollarynda tigir sürmegiň howpludygyny, adamlaryň köpüsiniň bu sporta gurbunyň çatmaýandygyny, sportda mejbur etmegiň bolmaly däldigini aýdaýanlar bar.

Galyberse, türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlaryň welosiped sürmeginiň halk köpçüligi tarapyndan beýle bir oňlanylmaýandygyny aýdyp, golaýda Azatlyk Radiosynda çykyş edenler hem boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG