Sepleriň elýeterliligi

Şanhaýda zawoddan zäher syzdy


Hytaýyň Sinhua döwlet habarlar gullugy Şanhaýdaky bir zawodyň sowadyjy bölüminden syzan suwuk ammiagyň 15 adamy öldürendigini habar berýär.

Bu hadysanyň şenbe güni, deňiz önümleri kompaniýasynyň eýeçiligindäki sowuk ammarda bolandygy aýdylýar.

Zäherli himiki madda zerarly azyndan 26 adam keselläpdir. Bu maglumatda şundan başga zat aýdylmaýar.

Ýerli gazetiň çap eden suratynda wakanyň bolan ýerinde ýangyn söndüriji maşynlaryň durandygy görünýär.

Hytaýda, howpsuzlyk we bina gurluşyk standartlarynyň gowşaklygy zerarly, senagat hadysalary adaty zat.
XS
SM
MD
LG